Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenild. Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýylsaýyn bu herekete türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy goşulýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Paýtagtymyzda we sebitlerde iň täze enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralary we şypahana ulgamynyň binalary, sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri guruldy, hereket edýän ugurdaş desgalar döwrebaplaşdyryldy.
Bedenterbiýe we sport, şol sanda sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ajaýyp mümkinçilikler döredildi. Şunuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda windsörfing boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşyň tapgyrynyň geçirilendigini bellemek ýerlikli bolar. Türkmenistan şol ýaryşlar arkaly ilkinji gezek ýelkenli sport boýunça halkara bäsleşikleriň tapgyryna goşuldy.
Şeýlelikde, şu gün geçirilen köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, parahatçylygyň we sagdynlygyň aýrylmaz bölegi bolan halkara sport we ekologiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny, seçip alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban halkymyzyň bitewüligini we jebisligini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

Rejepow Baýramgeldi Batyrgeldiýewiç,
Türkmenistanyň Döwlet  energetika institutynyň  3-nji ýyl talyby.