Türkmen Halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýän günlerinde ýurdumyzda geçirilýän çärelere hem-de baýramçylyklara gatnaşmak biziň ýaş ýüregimizi joşdurýar. Her bir halkyň milli buýsanjy bolşy ýaly, Magtymguly Pyragy hem türkmen halkynyň, edebiýatynyň we diliniň iň naýbaşy, nusgawy şahyrlarynyň biridir.
Magtymguly barada döredilen kinofilmler, ol barada ýazylan beýik- beýik eserler onuň döredijiliginiň adamüzat jemgyýetindäki derejesiniň ýokary ölçegi bolup, bu gün türkmen medeniýetine we edebiýatyna beýik sarpa goýýan Türkmen Halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadgly Serdarymyzyň hem beýik buýsanjydyr.
Ýaş ýüregimiziň joşguny bilen öz döredijiligimiziň üstünlikleri hem-de ýaşlaryň hyjuwly gadamlaryna ak pata berilen ýylda birnäçe döredijilik işlerini meýilleşdirmegimiz hem beýik Pyraga goýulýan sarpanyň ýüreklerimizde ýer almagydyr.Şeýle beýik şahsyýeti Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ölmaz-ýitmezdir.
Magtymguly Pyragysy bilen dünýäniň ýüzünde tanalýan türkmeniň ykbaly göterilip, bu gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan belent ösüşleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanandygyny aýtmagymyz ýöne ýere däldir.Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä , adamzat gymmatlyklarynyň açarydyr.
Çünki ol älemiň iň näzik şekilde poeziýada Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köptaraplylygy hakynda söz açmak diýmek, türkmen halkynyň diliniň köpdürliliginden söz açmak, Magtymguly Pyragynyň dil aýratynlygynyň sungat eseriniň şekile gelmegindäki ruhy hazynanyň baýlyklaryny bir ýere jemleýändigini öwrenmek biz ýaşlaryň borjydyr.
Magtymguly hem zamanasynda şol agyr ýüki eginde çeken beýik şahsyýetleriň biridir.Her bir türkmeniň Magtymgulynyň şygry bolmasa, ýaşap bilmeýänligini her bir döwürde-de dünýä alymlary belläp geçýärler.
Her bir halkyň milli buýsanjyna sel salaňda,onun milli şahsyýeti göz öňüňe gelýär.Türkmen halky hakda-da söz açylanda,ilki bilen Magtymguly göz öňüňe gelýär. Gahryman Arkadgymyz hem-de Hormatly prezidentimiz Magtymgulyň diwanynyň uly bölegini çapdan çykarmagy hem-de onuň döredijiligini birnäçe dillere terjime edilmegini gazanmagy hem Magtymguly Pyrgaynyň döredijiligine bu günki gün goýulýan sarpalaryň bir alamatydyr.
Magtymgulynyň ỳurdunda, Garaşsyz Bitarap Türkmenistanda Magtymgulynyň hatyrasyna halkara ylmy maslahat geçirilỳär,munuň özi şahyryň dogduk mekanyna, onuň döredijiligine goýulýan sarpalaryň mysalydyr.
Türkmen medeniýetinde , kinofilmlerinde hem-de spektakllarda, çeper romanlarda , şygyrýetde , nakgaşlyk sungatynda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmek eýýäm asyrlar bäri türkmen halkynda ýoň bolup gelýär. Çünki beýik Pyragy halkyň dereje ölçegi, medeniýetiniň hem diliniň, edebiýatynyň hem sungatynyň beýik ölçegidir.
Magtymguly Pyragyny döredijiliginiň öwrenmekde dünỳäniň dürli ýurtlaryndan gelen ähli alymlar Gerkeze gidip Beýik türkmen şahyrynyň basan topraklaryny zyỳarat edip, Magtymgulynyň ýaşan ýerelirini görmek arzuwlaryny amala aşyrmak üçin bu ýerlere jahankeşdeleriň gelmegi hem-de onuň döredijiligi, ýaşan ýerleri bilen tanyş bolup, syýahat etmäge gelmek islegleriniň müňlerçedigini bilmek hem buýsandyryjydyr.
Onuň dem alan howasyndan dem almak üçin gelýän jahankeşdeleriň oň goýýan sarpasy möhümdir hem-de ol halky buýsandyrỳar.Türkmen halky öz Magtymgulysy,öz beýik-beýik şahsyýetleri ,Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagy hem-de Hormatly Prezidenti bilen Magtymguly Pyragyrynyň döredijiligine sarpa goýmasy bilen dünýäniň ýüzünde öz edebiýaty,medeniýeti,dili bilen aýratyn tapawutlanýar.

Yhlasmyrat Abakow

Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň talyby