Türkmen halkynyň wepaly dosty bolan türkmen alabaýlarynyň häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen gadrynyň bilinmegi dünýä ýaýrady. Çünki türkmen halkyna asyrlar boýy ýoldaş bolan , nirede bolsa hem wepaly nazary bilen eýesiniň diline düşünen bu jandarlaryň asly köküniň gadymyýetlerden gaýtmasyndan adamzada wepaly bolmak duýgusynyň bardygyny bilmekýakymly. Diňe bir daşky görnüşleri bilen tapawutlanman, eýsem, gylyk-häsiýetleri hem geljekde olardan tohum itleriň çykjakdygyny kepillendirmelidir. Elbetde bu jandaryň häsiýetleri, iýýän zatlaryna juda dykgatly çemeleşmek bolsa, eýýäm asyrlar boýy dowam edip gelýän dessurdyr.

Alabaýlaryň kelleleri gaba, boýunlary ýogyn, kuwwatly, döşleri giň hem-de öňe omzap durmalydyr, penjeleri uly hem-de uzyn dyrnakly, bil oňurgasy uzyn hem-de berk, öýkenleri, dem alyş agzalary ýeterlik derejede ösen bolmalydyr.Wepalylygyna hiç şek- şübhe ýok, aslynda hem hüşgär bu jandarlaryň dürli hili reňklileri bardyr. Olar howa şertlerine çydamalydyr. Uly göwresi, äwmezekligi, asudalygy hem- de arkaýynlygy bilen türkmen itleri köpleri özüne bendi edýär.Çöllerde süri- süri goýunlary alabaýa tabşyryp, çopanlar arkaýyn öz işlerinde zerurlyk çykan ýagdaýynda az wagtlyk goşdan hem aýrylyp bilýär.

Olar özüne ynanylan mallary, öýleri, mellegi iň soňky demlerine çenli goraýarlar, howp dörände, şol bada ony aňýarlar hem-de tenine düşen ýarany, agyryny ýeňil geçirýärler. Bu gylyk-häsiýetleri olary ýeke bir sakçylykda peýdalanmaga däl, eýsem, başa- baş söweşlerde ulanmaga-da mümkinçilik berýär. Bu tohun itleriň umumy standartlary kesgitlenende türkmen itleriniň daşky görnüşi hem-de gylyk-häsiýetleri binýatlyk ölçeg hasaplanýar. Sakçy, aw hem-de başabaş garpyşýan itleriň içinde- de hut türkmen alabaýlary ilerde tululýar. Turkmenistanda alabaýlaryň iň gowularyny, olaryň gylyk – häsiýetlerini kesgitlemek boýunça däbe öwrülen bäsleşiklerde hem- de baýramçylyk sergileri yzygiderli geçirilýär.Şeýle ajaýyp, wepaly, hüşgär we örän özboluşly jandaryň türkmen topragynda ösüp- ýetişendigine buýsanýarsyň!

Gurbanow Mahmyt
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 112-nji toparynyň talyby