Töreli iliň ýagşy işiniň köp boljagy görünip dur. Ösüşlerden ösüşlere beslenýän ajaýyp diýarymyzda bolsa, bu ugurdan zähmet çekýän ynsanlar has-da abraý alýar. Çünki tehnologiýalar häzirki döwürde ösjek derejesinde ösdi.Gadymdan gelýän Oguz han atamyzyň däp-dessurlaryna eýerip, goňşuçylyk gatnaşyklarynda bir- biregi goldamak we bir –birege sarpa goýmak endikleri türkmen halkynyň ganynda bar. Ösüşleriň arasynda dost- doganlyk gatnaşyklary bilen bir hatarda ykdysady reformalaryň hem geçirilmesi bu günki gün biziň durmuşymyzy tehnologiýalaryň gurşap alandygyny aňladýar.Häzirki zaman kompýuterleşdirilen üstünlikleri bolan dürli enjamlar, hyzmatlar, öý we beýleki ýerler kompýuterleriň kömegi bilen düýbünden başga bir görnüşli işe geçip gitdi. Komputer arkaly ulgamlaryň işini dolandyrmak bolsa, ýurdumyzda eýýäm birnäçe wagt bäri ýola goýuldy.Dogrudan hem wagtyň geçmegi bilen kompýuterleriň kämilleşmegi, gazanylan üstünlikleriň boş ýere däl- de eýsem, gelejege, ösüşlere bir goşant goşjak bir ýere jemlenjek tehnologiýalar merkezleriniň döredilmegi we şol sanda nebit we gaz ulgamynda bolup geçýän täzelikleriň komputer ulgamy arkaly döredilen işlerdigini subut etmek ususllary bu günki gün has-da ýoň hala geldi.Kompýuter tehnologiýalaryndan okatmak, ol ugur boýunça ýörite dersleri ugrukdyrmak hem ilkinji üstünliklere ýetirdi.Nebit gaz ulgamynda komputerler bilen baglanşykly işleri amala aşyrmakda edilýän işleriň has ýokarlandyrmagy bolsa, bizi ýaş nesil hökmünde öňkülerden hem has uly üstünliklere ýetmäge mümkinçilik döredýär. Biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri bir- birege goňşuçylyk gatnaşyklarynda kömek etmek, ýardam bermek hem-de bir-birek bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmak esasynda ýaşaýar. Türkmen halky hem goňşy döwletler bilen halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen birlikde, ynsanperwer we hoşniýetlilik gatnaşyklarynda hem dünýä ýüzüne görelde görkezýär. Nebit –gaz ulgamynda alnyp abrylýan işleriň mundan beýläk-de ilerlemesinde gahryman Arkadagymyzyň görelde mekdebiniň bardygyny subut etdi. Çünki goňşuçylyk gatnaşyklarda bu ajaýyp yzygiderli göreldeleri görkezmek bilen gaz bilen üpjün edilen maşgalalaryň şatlygynyň çäksizligi uly buýsançdyr. Şeýle ajaýyp görelde biziň ýurdumyzda ata- baba gelýän däp-dessurlaryň biridir. Okadylýan dersleriň sanawy durnukly bolan orta mekdepler bilen deňeşdirilende ýokary okuw mekdeplerde bilimleriň täze ugurlar bilen bilelikde täze ýörite dersler hem peýda bolýar. Nebit we gaz ulgamynda komputer tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda zähmet çekýän raýatlaryň işlerini ýeňilldirdi we ýaş nesle goltgy boldy. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň göreldeli mekdebinden ruhlanyp, ýol ýörelge baýdak edinen Arkadagly Serdarymyz hem-de ýurdumyzyň ýaşlary hem bu günlerki günde ýurdumyzyň gelejegini ýokary götermek üçin Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň daşyna jem bolup, zähmet çekýärler.
Aýperi Marýekowa
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby