Garaşsyz Watanymyzda örän gysga taryhy döwrüň içinde ylym ulgamynyň binýatlyk esaslaryny has-da pugtalandyrmak we dünýä derejesine çykarmak, adam maýasyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy.

Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, ýokary okuw mekdeplerinde, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky ylmy-tejribeçilik we ylmy-önümçilik institutlarda, ylmy merkezlerde döwrebap ylmy barlaglary alyp barmak, innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak, ylmy işgärleri, hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli amatly şertler döredildi.

Bellenilişi ýaly, ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar babatda abraýly halkara guramalary, daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýlup, ýurdumyzyň halkara ylym we bilim giňişligindäki orny pugtalandyryldy.

Türkmen halkynyň gadymy maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerimiz, medeni we ruhy gymmatlyklarymyz esasynda jemgyýetimizi sazlaşykly ösdürmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylyp, biziň ylmy-medeni diplomatiýamyz dünýäde giňden dabaralandyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir.

Ylym we bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim mümkinçiliklerini meýilnamalaýyn esasda berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýokary hünärli, maksada okgunly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini aýratyn nygtady.

Saparowa Selbi,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.