Her ýylyň 22-nji apreli global baýramçylyk hökmünde «Halkara ýer-ene güni» giňden bellenilýär. Bu baýram BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2009-njy ýylda 63-nji mejlisinde BMG agza bolan 50-den gowrak döwletiň awtordaşlyk etmeginde döredilip, 2010-njy ýyldan bäri bellenilmegini dowam edýär. Umumadamzat ýaşaýşynyň rahat öýi hasaplanýan ýere aýratyn ähmiýet berilmegi, onuň halkara günleriniň senenamasynda orun almagyna getirdi.
Bu günüň bellenilmegi Ýer şarynyň ähli ilatly künjeklerinde ýaşaýan her bir adama, umumy öýümize minnetdarlyk bildirmäge mümkinçilik berýär. Gurama agza döwletleriniň ählisini, halkara we hökümete degişli bolmadyk guramalaryny «Halkara ýer-ene gününi» bellemäge çagyrýar. Demirgazyk ýarym şarda ýer ene güni ýazda, günorta ýarym şarda bolsa güýzde bellenilýär. Bu global hereketiň esasy maksady, jemgyýetiň we ýer ýüzündäki her bir adamyň ünsüni ýeriň meselelerine, daşky gurşawyň meselelerine çekmek we adamzadyň bolýan kyn meselelerini öwrenmäge mümkinçilik bermekden ybarat bolup durýar.
Her ýyl dünýäniň dürli künjeginden alymlar bu güne mynasybetli global daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stoluň başyna ýygnanýarlar. Dürli ýurtlarda belli bir mowzuga bagyşlanan dürli çäreler, seminarlar, tegelek stol maslahatlary, şeýle-de, mahabat çäreleri gurnalýar. Şeýle-de, uly şäherleriň käbir köçelerinde gara ýollaryň ýapylmagy, arassaçylyk we bag ekmek işleri geçirilýär.
Häzirki we geljekki nesilleriň ykdysady, sosial we daşky gurşaw zerurlyklarynyň arasynda deňhukukly deňagramlylygy gazanmak üçin tebigat we Ýer şarynyň sazlaşygyny ösdürmek örän zerur bolup durýar. Bu gün her kim öz daş-töweregini we köçelerini abadanlaşdyrmak işine işjeň gatnaşýarlar.
Ogulşat GARRYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara fakultetiniň I ýyl talyby.