Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, durmuş ulgamy islendik döwletiň ykdysady hem-de durmuş ösüşiniň ýagdaýyny kesgitleýän görkezijileriň biridir. Ol ilkinji nobatda, ähli raýatlarymyzyň abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde maýa goýumlara hem uly orun degişlidir. Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga giň mümkinçilikler berýär. Milli ykdysadyýetimizde maýa goýumlaryň artmagy has agdyklyk edýär. Bu bolsa, jemi içerki önümiň ösüşine uly täsirini ýetirýär. Bu görkeziji netijeli häsiýete eýe bolup, ol belli bir hojalyk subýektine goýlan maýa goýumyň netijesinde, şol subýektiň önümçiliginiň ýokarlanmagyna getirýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport harytlarynyň möçberini köpeltmek, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalar hem durmuşa geçirilýär. Türkmenistan dünýä ýüzünde durmuş derejeli ýurt hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. 2023-nji ýyl üçin tassyklanan Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 göterimine golaýynyň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirmegi-de munu şeýlediginiň subutnamasydyr.
Ykdysadyýetiň ösüşini býujet arkaly kadalaşdyrmak döwlet kadalaşdyryş işiniň esasy usullarynyň biri bolup, ol durnuklylygy saklamagyň durmuş meselelerini çözmegiň maliýe esaslaryny emele getirýär. Döwlet býujeti kesgitli döwür üçin işlenip taýýarlanylýan maliýe resminamasy bolup, onda býujetiň girdejilieriniň we çykd ajylarynyň maddalaryny öz beýanyn tapýar. Milli ykdysadyýetiň täze hil derejesini üpjün etmek syýasatynyň çäklerinde, innowasion ösüş ýoluna daýanýan ykdysadyýeti galkyndyrmak wezipesi, ilkinji nobatda adam maýasynyň artdyrylmagyny talap edýär. Ykdysady netijeliligiň ýokarlanmagy durmuş ýaýrawyny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri hökmünde ilatyň we döwlet býujetiniň girdejeleriniň artmagyna getirýär.

Ezizmyrat Babaýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Binagärlik gurluşyk fakultetiniň talyby.