Ösümlik dünýäsi örän owadandygy we täsindigi bilen göreni haýran galdyrýar. Her bir ösümlik özboluşly daşky görnüşi we alamaty bilen biri-birinden tapawutlanýar. Häzirki wagtda dünýäde müňlerçe ösümlik görnüşi bolup, olara agaçlar, gyrymsy agaçlar we otjumak ösümlikler degişlidir. Ösümlikleriň täsin dünýäsinde özboluşly daşky keşbi, ýaşaýyş aýratynlygy boýunça görenleri haýran galdyrýan görnüşleri az däl. Şeýle ösümliklere dünýäniň islendik künjeginde duşmak bolýar. Adaty bambuk Adaty bambuk dünýäde iň çalt ösýän ösümlik. Bu ösümlik Aziýada ösýär. Iýmit hökmünde-de peýdalanylýar. Bambuk bir gije gündiziň dowamynda 40 santimetrden 1 metre çenli ösmäge ukyply. Ösen mahaly onuň baldagynyň diametri hem ulalýar. 30 mertlik bambugyň baldagynyň diametri 20-30 santimetr aralykda bolýar. Amazonka wiktoriýasy Amazonka wiktoriýasy iň uly suw ösümligi hasaplanýar. Suw ösümliginiň watany günorta Amerika. Amazonka wiktoriýasy ösümliginiň ýapragy suwuň ýüzünde saklanýar. Ýapragynyň diametri 2 metre ýetýär. Bu giň ýaýraň ýaprak diňe bir göwrümi bilen tapawutlanman, eýsem çeýeligi bilen hem tapawutlanýar. Sebäbi ýapragyň üstünde kiçijik çaga arkaýyn gezelenç edip bilýär. Bu çeýe ýaprak agramy 50 kilogramdan artyk bolmadyk uly ýaşdaky adamy hem götermäge ukyply.

Gummanowa Şasenem
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 112-nji toparynyň talyby