Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi boýunça işler meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. TOPH geçelgesi Owganystan üçin tutuş sebite durnuklylygy we uzakmöhletleýin abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe taslamalaryň we başlangyçlaryň toplumydyr. Bu taslamanyň dünýäniň ähli ýurtlary üçin oňyn netije bermegine garaşylýar.
TOPH geçelgesi aşakdaky taslamalary öz içine alýar:
TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisi;
TOP 500 (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) elektrik geçiriji;
TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy;
TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) awtoulag ýoly;
TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) demir ýoly.
TOPH taslamasynyň iň ýokary halkara ölçeglere kybap gelmegini üpjün etmek üçin onuň durmuşa geçirilmegine transmilli turbageçirijileri gurmak ulgamynda uly tejribä eýe bolan hem-de tehniki, hukuk we maliýe taýdan maslahat beriji hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda dünýäniň ýöriteleşen esasy kompaniýalary işe çekilendir. Gaz geçirijiniň taslama gatnaşyjy goňşy ýurtlaryň çäginden geçýän böleginde ýerine ýetiriljek gurluşyk işleri üçin zerur bolan turbalary hem-de beýleki enjamlary üpjün etjek potratçyny saýlap almak boýunça teklipler alyndy we olary seljermek işleri dowam edýär. Möhüm taslama Owganystana, Pakistana we Hindistana batly depginler bilen ösmek üçin düýpli itergi berer. Birinjiden, tebigy gaz esasynda elektrik energiýasyny öndürmek dizel ýangyjyny, mazuty peýdalanmakdan ep-esli arzandyr; ikinjiden, tebigy gaza elýeterlilik senagatlaşdyrmagy we maýa goýum işini höweslendirer; üçünjiden, Owganystan we Pakistan üstaşyr gaz geçiriji üçin milliardlarça ýygymlary alar.
Ýangyç-energetika serişdeleriniň gazylyp alnyşynyň, öndürilişiniň depgini üzül-kesil artdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýä bazaryna energiýa serişdelerini iberýän döwlet hökmünde ähmiýeti gitdigiçe ýokarlanýar hem-de munuň özi köp babatda onuň geosyýasy täsiriniň derejesini kesgitleýär. Energetika meseleleriniň ählumumy häsiýeti energetika ugruny türkmen diplomatiýasynyň binýatlaýyn esaslarynyň hataryna goşdy. Halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge Türkmenistanyň iri energetika serişdelerini iberiji hökmünde gatnaşmagy munuň wajyp ugry boldy.
TOPH we TOP taslamalarynyň türkmen bölegi işe girizilenden soň owgan elektrik geçiriji ulgamyna birikdiriler. Bu taslamalaryň ilerledilmegi, gatnaşyjy ýurtlara durmuş-ykdysady taýdan oňyn täsirini ýetirer. Owganystan we Pakistan tebigy gazyň üstaşyr geçirilmeginden goşmaça girdeji alar we Hindistan senagat ösüşi üçin energiýa üpjün etmek üçin amatly bahadan tebigy gazdan peýdalanar.
TOPH geçelgesi ösüşiň iki esasy bölegini herekete getirer: energiýa we arabaglanyşyk. Tebigy gaz we elektrik energiýa üpjünçiliginden daşary, TOPH arabaglanyşygy aňladýar, ol bolsa öz gezeginde harytlaryň Owganystandaky hereketini aňladýar. Bu parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge goşant goşýar.

Ýupar EGIRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.