Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy bilen 15-16-njy maýda türkmen wekiliýeti tarapyndan TOPH-TOP taslamasy boýunça Päkistana iş saparyny amala aşyrylýar.
Türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny artdyrmak, şol sanda köpugurly ulag düzümini döretmegiň hasabyna artdyrmak Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, TOPH taslamasy 2010-nj ýylda işjeň tapgyryna gadam basdy, şonda Aşgabatda bu taslama boýunça dörtaraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol çekildi.
2013-nji ýylda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň Hökümetleri TOPH taslamasyny ilerletmek we oňa maýa goýmak üçin öz döwlet gaz kompaniýalaryny – Turkmengas, Owgan gaz kärhanasy, Inter State Gas Systems (Private) Limited и GAIL (Hindistan) Limited kompaniýalaryny bellediler.
Taslama Türkmenistandan Owganystana, Pakistana we Hindistana çekiljek 1840 km uzynlykdaky turbageçirijiniň taslamasyny düzmek, satyn almak, gurmak, ulanmak we tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça toplumlaýyn işleri öz içine alýar. Doly ulanmaga berlenden soň, TOPH boýunça 30 ýylyň dowamynda bir ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gaz akdyrmak göz öňünde tutulýar.
Bu taslama halkara möçberli taslamalaryň hataryna kesgitli goşulyp bilner. Ol sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösmegine, durmuş we ykdysady taýdan galkynmagyna ýardam eder hem-de olaryň energetika howpsuzlygyny üpjün eder.
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda taslama gatnaşyjy döwletiň, ýagny Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistan – «Owganystan – Pakistan – Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň hem-de «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň 3-nji nobatdaky desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi.
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda taslama gatnaşyjy döwletleriniň döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda Mary welaýatynyň çäginde ýerleşen Serhetabat etrabyndan «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi.
2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň sebit ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan üçtaraplaýyn duşuşygynda hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurulmagynyň maglumat alyş-çalşygynyň bökdençsiz amala aşyrylmagy we telekommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak çygryndan wajyplygy nygtalyp geçildi.
Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň Ýewropa we Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň arasynda maglumat köprüsi hökmünde wajyp ornuny berkitmeklige ýardam eder hem-de üstaşyr we eksport söwdasyna itergi berer.

Rejepgeldiýew Selim,

Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby