Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan başlap, Pekin we Aşgabat uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan döwletara gatnaşyklaryň amatly görnüşini işläp taýýarlady.
2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen hormatly Prezidentimiziň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gepleşikleri tamamlanandan soňra türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk babatynda möhüm resminamalara gol çekildi.
Si Szinpin Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, iki dostlukly döwletleriň gatnaşyklarynyň giň geljege eýedigini nygtady. Mundan başga-da, doganlyk ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk saklamaga elmydama taýýardyny aýtdy. Nobatdaky ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.

Atajan HAMRAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.