Hormatly Prezidentimiz ynsan saglygyny gorap saklamak hakynda yzygiderli tagallalary edýär. Ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak durmuş-ykdysady syýasatyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesi öňümizde goýan maksatlarymyza we arzuwlarymyza ýetmäge, olary durmuşa ornaşdyrmaga kömek edýär. Sagdynlyk, berk bedenlilik, sagdyn durmuş ýörelgesi — bularyň ählisi adamyň uzak ýaşamagyna we ýaşan ömrüniň lezzetini duýmaga kömek edýär. Saglyk — bu bahasyna ýetip bolmajak her bir adamyň, maşgalanyň, şol sanda jemgyýetiň baýlygydyr.
Şoňa görä-de zyýanly endikleriň saglygymyza has uly zyýan berýändigi hemmä belli. Ata-bablarymyz hem ozaldan zyýanly endiklere garşy durup gelýändigini nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: ,,Naskeş”, ,,Çilimkeş” , ,,Nas atan” , ,,Munda çilimkeş” ýaly goşgularynda görmek bolýar. Her ýylyň 31-nji maýynda Temmäkä garşy Bütündünýä göreş güni geçirilýär.
Ýurdumyzda çilimkeşlige garşy göreş çäreler yzygiderli geçirilýär. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak.
Saglyk- iň uly baýlyk.

Goñurowa Aýbölek,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ 1-nji ýyl talyby.