Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Serdarymyz öz çykyşlarynda 2022-nji ýylda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» aýratyn belläp geçýär. Bu uzak möhletleýin resminamada ata Watanymyzyň ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek we innowasion özgertmeleriň binýadynda halk hojalygyny doly sanlylaşdyrmak ýaly strategik wezipeler göz öňünde tutulandyr.
Sanly ulgam — durnukly ösüş. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda sanly ulgama uly üns berilýär. Halk hojalygynyň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli berkitmek bilen, ýurdumyzda sanly ykdysadyýet kemala getirildi. Bu özgertmeleriň kanunçylyk esaslarynyň kämilleşdirilmegi we degişli resminamalaryň kabul edilmegi Diýarymyzda sanly ulgamy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigine güwä geçýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, sanly özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Bu ugurda ykdysadyýetiň we durmuşymyzyň ähli ugurlaryna döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny yzygiderli ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda işler alnyp barylýar. Onuň çäklerinde «Bir penjire» awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşinde döwlet hyzmatlar portaly döredilip, bu portalda döwlet edaralarynyň internet saýtlary we beýlekiler ýerleşdirildi. Nagt däl hasaplaşyklaryň we «Internet bank» ulgamynyň gerimini giňeltmek, menzilara onlaýn töleg ulgamlaryny has-da ösdürmek boýunça täzeçil usullar ornaşdyryldy, söwda hyzmatlary kämilleşdirildi. Şeýle hyzmatlar «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan indi birnäçe ýyl bäri amala aşyrylyp gelinýär. Ýurdumyzda häzirki wagtda saray.tmnesipetsin.comynamdar.comkamilmarket.comgipertm.com we halkmarket.com ýaly onlaýn bazarlaryň hereket etmegi bolsa, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.
Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzda durmuş-ykdysady ulgamlarda ýokary ösüş görkezijileriniň gazanylmagyna, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen durnukly ösmegine ýardam berýär. Bularyň ählisi bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda degişli ugurda amala aşyrylýan işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Rahym ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby