Her ýylyň 3-nji iýunynda bütin dünýäde şeýle-de Türkmenistanda Bütindünýäde welosiped güni giňden bellenilip geçirilýär. Bütindünýä welosiped güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sesiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça degişli Rezolýusiýa bilen bellenildi. Dünýäniň 56 döwleti bu Rezelýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş edýär.
Welosiped sporty bütin dünýäde giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň has meşhur görnüşleriniň biridir. Onuň taryhy 1869-njy ýylda Fransiýanyň Pariž we Ruan şäherleriniň arasynda geçirlen ilkinji iri ýaryşlardan başlanýar.
Welosport – tiz depginli hem-de çekeleşikli ýaryş bolup, ýekeleýin we toparlaýyn dissiplinalary öz içine alýar. Türgenler öz tizligini, güýjüni, çydamlylygyny we ýaryşmak usulyny 43 derejeli kenarýaka welotrek ýodasynda görkezmeli. Welosportuň trek görnüşi öz gezeginde iki uly topara bölünýär: sprint ýaryşlar we çydamlylyk ýaryşlar. Her bir görnüş boýunça şahsy we toparlaýyn ýaryşlar geçirilýär. Welosportuň trek görnüşinde sprint ýaryşlar 8 we 10 aýlaw boýunça geçirilmegi garşydaşlaryň güýç derejesine we gysga aralykda geçirilýän ýaryşda ugur alýan ýörelgelerine baglydyr. Käbir maglumatlara görä, welosportuň trek görnüşi 1870-nji ýylda döräpdir. Welosport dörän wagty, häzirki wagtda ulanylýan üsti ýapyk welotreklere meňzeş ýodajyklar ulanylýardy. Olar iki sany göni we öwrümde biraz gyşardylan ýodalardan ybarat bolupdyr.Welosportuň trek görnüşi boýunça ilkinji Dünýä çempionaty 1893-nji ýylda Çikago şäherinde geçirildi. Sportuň bu görnüşi Olimpiýa oýunlaryň maksatnamasyna 1896-njy ýylda girizildi we ýaryş diňe 1912-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda geçirilmedi. Welosport ýaryşy boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1893-nji ýylda Çikago şäherinde geçirildi.
Özüniň 122 ýyllyk taryhynda, sportuň bu görnüşiniň dünýä çempionatyna 23 döwlet gatnaşdy. Şol sanda, Ýaponiýa, Kolumbiýa we Wenesuella döwletleri. Bu çäre Fransiýada 15 gezek geçirildi. 1896-njy ýyldan bäri welotrek Olimpiýa sporty diýlip hasaplanylýar.

Seýliýew Gadam Alymowiç,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby