Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we sporty ýokary derejede ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreler ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmäge uly itergi berýär.
Eziz Diýarymyzy gülläp ösýän mekana öwürmäge gönükdirilen maksatnamalar hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň usullarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Ol öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere esaslanýar. Ösüşiň ekologiýa maksatnamasy ahyrky netijede adamlaryň durmuş derejesini ajaýyp türkmen tebigaty, ýurdumyzyň daşky gurşawy we gülläp ösmegi bilen sazlaşykda ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Bu günki gün paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap, kämil enjamlar bilen üpjün edilen täze saglygy goraýyş we sport desgalarynyň ulanmaga berilmegi halkymyzyň saglygy barada edilýän aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridigine şaýatlyk edýän subutnamadyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport hereketi görlüp-eşidilmedik uly gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda geçirilýän bedenterbiýe, saglyk we sport çärelerine watandaşlarymyzyň müňlerçesi, şol sanda ýaşlar hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şeýle giň möçberli sport çäreleri sportuň dünýäde meşhur görnüşlerini ösdürmäge, oňa ýaşlary höweslendirmäge, bar bolan düzümi döwrebaplaşdyrmaga hem-de halkymyzy köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga gönükdirilendir.
Oguz han adyndaky İnžiner tehnalogiyalar uniwersitetiniň Bedenterbiýe kafedrasynyñ mugallymy Çary Annanazarow