Arkadag şäheri Diýarymyzyň iri ylym-bilim medeni we halkara merkezine öwrüler. Onuň gurluşygynda binagärligiň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullary, “akylly” şäher konsepsiýasynyň kadalary, “ýaşyl” tehnologiýalar işjeň ulanyldy we ulanylýar. Munuň özi Arkadag şäheriniň Türkmenistanyň kanunçylygyndaky ähmiýetini hukuk taýdan berkitmek meselesine seredilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň teklipleri nazara alnyp, “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy we hormatly Prezidentimiziň tassyklamagy bilen, ol 2023-nji ýylyň 24-nji martyndan güýje girizildi.
«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny şäheriň hukuk ýagdaýyny, wezipelerini, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär. Onuň düzüminde Kärizek we Gorjaw etraplarynyň döredilmegi raýatlary abadan durmuş, şeýle hem ähli amatlyklary bolan jaýlar bilen üpjün etmek hakynda edilýän aladanyň döwlet syýasatynda esasy orun eýeleýändigini görkezýär.
Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadag şäherini häsiýetlendirmek bilen, şeýle diýdi: «Bu «akylly» şäheriň innowasion taslamasy dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy nusgasyny özünde jemleýär». Bu aýdylanlar örän dogrudyr. Şäherde gurulýan ähli binalardyr desgalaryň, ilata hödürlenýän hyzmatlaryň, ekologiýa derejesiniň häzirki zamanyň ýokary talaplaryna we halkara tejribelere laýyk gelmegi pugta gözegçilikde saklanylýar. Bu bolsa şäheriň abadançylyk we arassaçylyk ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, arassa tebigy gurşawy emele getirmek, döwrebap, iň ýokary durmuş şertlerini döretmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleri mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmäge mümkinçilik döreder.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda, Arkadag şäheriniň bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Hususan-da, şäheriň Merkezi seýilgähindäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň beýik ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň — Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylyp, onuň «Arkadag Binasy» diýlip atlandyrylmagy türkmen sungatynyň taryhynda täze sahypany açdy.
«Arkadag Binasy» — Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewine atlanan aýgytly keşbi ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine uzaýan batly gadamlaryny alamatlandyrýar. Binanyň umumy beýikligi 43 metrdir. Bugdaýly meýdanyň gabadyndaky gaýa şekilli binýadyň üstünde Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewine atlanan pursadyny şekillendirýän, beýikligi 11 metr bolan altyn öwüşginli heýkel, bu bina özboluşly ýaraşyk berýär. Binanyň suw çüwdürimleriniň diametri bolsa 65 metre barabar. Dört sany ritona daýanýan berk sütün halkymyzyň jebisligini alamatlandyrýar. Sütüniň ýokarsyna görk berýän altyn çaýylan bugdaý sünbülleri bolsa ýurdumyzyň bereket-bolçulygynyň sungatyň dilindäki beýanydyr. Mahlasy, bu bina täze eýýamyň aýdyň ýolunyň mynasyp şöhlelenmesi bolup, Arkadag şäheriniň esasy nyşanlarynyň birine öwrüler.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň uly mugallymy