Suw – ynsan ýaşaýşynyň, gündelik durmuşynyň gözbaşydyr. Ata-babalarymyz her damjasy zere deňelýän suwa uly sarpa goýupdyrlar, suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak üçin özboluşly suw desgalaryny gurup, suwuň her damjasyny yrýa etmän peýdalanypdyr. Ilatymyzy we halk hojalygynyň ähli pudaklaryny suw bilen bökdençsiz ýagdaýda üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Türkmenistan ýurdumyzda ýerleriň meliorasiýasyna, ekin meýdanlarynyň suwarylmagyna, öri meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine, gidrotehniki desgalar bolan suw howdanlarynyň, bentleriň, suw galdyryjy beketleriň gurulmagyna, suw serişdelerini tygşytlaýan, topragyň gurplulygyny ýokarlandyrýan öňdebaryjy kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Möhüm hem iri taslama bolan “Altyn asyr” Türkmen köniň döredilmegi ýurdumyzda bu ugurda netijeli işleriň amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ugurda ýurdumyzda suw hojalygyny ösdürmek babatda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ýurdumyzda alnyp barylýan esasy wezipeleriň biridir.

Bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrundaky tutumly işleriniň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinki obalara, şäherçe hem şäherlere agyz suw geçirijileri çekmek boýunça işler dowam edýär. Munuň özi her damjasy altyna deňelýän suwuň tygşytly ulanylmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Suwy tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy tejrini suw hojalygyna ornaşdyrmak, suw hojalyk desgalaryny we ulgamlaryny gurmak babatdaky çäreler has-da bellärliklidir.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan suw diplomatiýasy netijesinde obasenagat toplumynyň suw bilen üpjünçilik derejesi yzygiderli kämilleşdirilýär. Suw baýlyklarynyň ýerlikli we aýawly peýdalanylmagy, onuň ýitgisine we hapalanmagyna garşy göreş çäreleriniň guralmagy zerurdyr. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde we iri şäherlerinde suw arassalaýjy zawodlar, suw süýjediji desgalar gurlup, ulanylmaga berildi. Suw serişdelerini tygşytlamaga ýardam berýän häzirki zaman gidrotehnologiýalar, innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar önümçilige işjeň ornaşdyrylýar. Berkarar ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi nazarlaýan asylly başlangyçlardan ugur alnyp, täze belentlikleri eýeleýän suw hojalyk pudagy ösdürilýär. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamakda, damjalaýyn suwaryş usulyny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, suwuň bisarpa ulanylmagyny aradan aýyrmakda, şeýle hem ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmakda, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmakda möhüm ädimler ädilýär. Bu ugur ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmekde öňde goýlan wezipeleri, daşky gurşawy goramak we ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri gurşap alýar. Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli we aýdyň maksatly beýik işler Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge ýardam edýär. Şeýle döwletli tutumlary bilen halkymyzyň parahat, abadan ýaşaýşy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Döwletmyrat ANYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy