Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar. Türkmenistan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy esasyndamukaddes türkmen topragynda bina edilen, Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheri ezizýurdumyzyň ýyl ýazgysyna täze altyn sahypa bolup girdi. Dabaraly ýagdaýda açylan bu döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi şöhlelenýär, şeýle-de milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen kemala gelen Arkadag şäherinde häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanylmaga berildi. Bu ýerde bina edilen çagalar baglary, orta mekdepler, başlangyç we orta hünär okuw mekdepleri, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, Ylmy-önümçilik merkezi, sungat mekdepleri, saglyk öýleri, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, hassahanalar, Ruhyýet köşgi, medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, muzeý, häzirki zaman sport toplumlary, seýilgähler, söwda we dynç alyş merkezleri hem-de beýleki hyzmat edaralary döwrüň iň ýokary ýaşaýyş medeniýetini üpjün etmäge hyzmat eder. Döwrebap şäherdäki bilim edaralarynyň döwrüň iň kämil enjamlarydyr usullary, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi ösüp gelýän ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna, kämil derejede bilim almagyna, hünär öwrenmegine, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň şeýle kämil derejede ähli amatlyklary göz öňünde tutulyp gurulmagy aýratyn ähmiýetlidir, eziz ýurdumyzy barha ösdürýän asylly maksatlaryň, beýik işleriň aýrylmaz bölegidir.
Şeýle hem bu ýerde ekologik talaplaryň doly derejede ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezinde. Munuň özi «akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Arkadag şäheri — Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäherdir. Bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Arkadagşäheriniň ençeme daşary ýurt döwletlerindeköpçülige tanyşdyrylmagy tutuş sebitiň täze “akylly” şäheriniň geljekde halkara maslahatlaryň, forumlaryň geçiriljek mekany boljakdygyna güwägeçýär. Çünki Arkadag şäheri — baky bagtyýarlygyň, kämilligiň, döwrebap bilimiň, rowaçlygyň mekanydyr, döwletliligimiziň altyn şuglasydyr, ak bagtyň soňlanmajak mukamydyr.
Melike HAJYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň nemes dili we edebiýaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

RU












