Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we sporty ýokary derejede ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreler ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmäge uly itergi berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy düýpli özgerdildi. Ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi milletiň saglygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Bu günki gün paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap, kämil enjamlar bilen üpjün edilen täze saglygy goraýyş we sport desgalarynyň ulanmaga berilmegi halkymyzyň saglygy barada edilýän aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridigine şaýatlyk edýän subutnamadyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport hereketi görlüp-eşidilmedik uly gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda geçirilýän bedenterbiýe, saglyk we sport çärelerine watandaşlarymyzyň müňlerçesi, şol sanda ýaşlar hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şeýle giň möçberli sport çäreleri sportuň dünýäde meşhur görnüşlerini ösdürmäge, oňa ýaşlary höweslendirmäge, bar bolan düzümi döwrebaplaşdyrmaga hem-de halkymyzy köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga gönükdirilendir.
Ýaşlary watançylyk, belent ynsanperwerlik ruhunda we asylly milli ruhy-ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemek, beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek Berkarar döwletimizde öňe sürülýän wezipeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Bagtyýar we ruhubelent ýaşlar Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgesini özlerine hemra edinýärler. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak bilen bagly alnyp barylýan işler sanardan kän.
Halkymyz ynsanyň iň uly baýlygynyň saglykdygyny belleýär. Her bir maşgalanyň sagdynlygy jemgyýetimiziň mizemez binýadyny üpjün edýär, çünki jemgyýet hem uly göwrümli maşgaladyr.
Ýurdumyzda sporty ösdürmäge, ilaty köpçülikleýin sporta çekmäge uly üns berilýär. Çünki sport ruhubelentligiň we sagdynlygyň nyşany hökmünde beýleki durmuş özgertmeleri üçin hem hereketlendiriji güýje öwrülýär.
Güýçgeldiýewa Täçjemal,