* Wengriýa özboluşly ýurt hasaplanýar. Ajaýyp howasy, suratlardaky ýaly göreni haýran galdyrýan binalary bolan bu ýurt köpläp syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.
* Wengriýanyň döwlet paýtagty Budapesht şäheri bolup syýahatçylary özüne maýyl edýär. Köp syýahatçylar bu ýurdy görenlerinden soň özleriniň ýaşaýan ýerlerini özgertmek baradaky pikire gelýärler.
*Ýurduň taryhy 896-njy ýyldan başlanýar we şol sebäpden bu sebit Ýewropanyň iň taryhy döwletleriniň sanawynda öňdäki orunlardan ýer alandyr.
*Wengriýada täsin hem täsirli köprini Xortobad sebitinde görmek bolýar. Köpriniň uzynlygy 167 metre deňdir.
*Wengriýanyň meşhur Xerend kompaniýasy el zähmeti bilen bejerýän ajaýyp çüýşe gaplary öndürýär we onuň öndüren önümleri bütün dünýäde uly isleg bilen satylýar.
*Budapesht metrosy gadymylygy babatynda Londonyň ýer asty transporty bilen deň derejede hasaplanýar. Meşhur döwletiň ilkinji metro otlulary köp ýyllar öň , has takygy 1896-njy ýylda peýda bolupdyr.
* Ýewropada iň uly ybadathana Budapeshtda ýerleşen bolup, bu ybadathana öz içine bir wagtda 3000 adamy sygdyryp bilýär.
* Paýtagtdan känbir uzak bolmadyk ýerde ýerleşen Xollokyo obasy köp ýyllardan bäri öz keşbini üýtgetmän gelýär. Bu häsiýeti bolsa her ýyl müňläp syýahatçylary meşhur mekan tarapa başlap barýar.

Azat HALMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk inistutynyň talyby