Sen enesiň! Dünýäñ özi ýalysyň,
Sogaby kän sen hakynda sanasaň.
Gökdäki ýyldyzym, ýerde kuwwatym,
Gudratdyr her biri çagaň, öwladyň.
***
Her adama jan berýänsiň janyňdan,
Her adama şan berýänsiň şanyňdan.
Ene derejedir, ene mertebe,
Aglasa gözýaşy meňzeş merjene.
***
Özi iýmän çagasyny iýdirer,
Özi geýmän çagasyny geýdirer.
Ol soltany adamzadyň kalbynyň,
Biz üzüp bilmeris onuň karzynam.
***
Adamy döredýän täsinlikdir ol,
Adamy ýaradýan tämizlikdir ol.
Enedir dünýäniň ähli manysy,
Ol dünýäň täjidir, dünýäň maýasy.
***
Pyragyny dünya indiren ene,
Gahryman döredip, sereden ene!
Degmäň eneleriň göwnüne degmäň,
Heýde eneleri bolarmy öwmän.
***
Ýalkasa ýazdyr ol, gargasa gyşdyr,
Eneler göýä bir ganatly guşdyr,
Öz perzendini ganatynda penalar,
Eneň barka degmez Saňa belalar.
***
Ene perzendini goraýan güýçdir,
Ene garramaýar hemişe ýaşdyr,
Ýöne bir gün uçanynda guş ýaly,
Agladar eneler dosty, duşmany.
***
Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň,
Enedir adama eçilýän döwran.
Siz Jenneti başga ýerden gözlemäň!
Synlaň eneleriň behişt gözlerin.
***
Olardan elmydam mähir çogýandyr,
Eneli adamyň bagty çüwýändir.
Aýtsam sözlerimi pikirim jemläp,
Nirde eneň bolsa şol ýerde Jennet!
Dursun Durdyýewa