Bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä ýetirmek Milli liderimizGurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşageçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýanugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ortamekdepler bilen bir hatarda ýokary okuwmekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işlerini we medeniçäreleri ýokary derejede guramak üçin ähli şertlerdöredilýär. Häzirki zaman enjamlary, öňdebaryjytehnologiýalar hem-de okuw gollanmalary bilen üpjünedilen okuw we iş otaglary ýaşlaryň ygtyýaryndadyr.Ýokary okuw mekdepleri milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamalydyr.
Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar. Täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegi muňa ýardam edýär.
Bilim ulgamyndaky şeýle ajaýyp özgermeleriniň subutnamasy hökmünde 2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5000 orunlyk täze binalar toplumynyň we Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda mynasyp orun alar. Bu desgalaryň gurluşygy, hormatlyPrezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, milli bilimulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnypbarylýan giň möçberli işleriň çäklerinde amalaaşyrylýar. Mugallymçylyk institutynyň täze binalartoplumy 25,8 gektar çägi eýelär. Taslamada edara we okuw binalaryny, 2000 orunlyk umumy ýaşaýyşjaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Giň okuwotaglary bilen bir hatarda, bu ýerde okuwbarlaghanalary, kitaphana, naharhana, sport bilenmeşgullanmak üçin sport zaly we açyk meýdança gözöňünde tutulandyr.
Ylmy döwlet tarapyndan goldamak işi giňeldilýärhem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadypugtalandyrylýar, geljegi uly barlaglary, tejribe-synaghem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdangoldamak işi ýokarlandyrylýar. TürkmenistanyňPrezidentiniň ýaş alymlary goldamak baradakygaznasy hem-de Ylmy ösdürmek gaznasy hereketedýär.
Azat HALMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby