Mahabatlandyrma işi başga serişdeleriň – satuwy höweslendirmek we wagyz etmek boýunça çäreler tagallalary bilen dolýar, olar bazar işiniň toplumynyň düzümine girýär.
Satuwy höweslendirmek – bazaryň jogap reaksiýasyny tizleşdirip biljek ýa-da güýçlendirip biljek höweslendirýän täsirini dürli serişdeleriniň ulanylyşydyr.
Bulara – alyjylary höweslendirmek (nusgalary, kuponlary ýaýratmak, puly yzyna gaýtarmak hakda teklipler, ýeňillik nyrhlar boýunça satylýan gaplary hödürlemek, baýraklar, bäşdeşikler, ýeňillik talonlar, demonstrasiýalar), söwdanyň sferasyny höweslendirmek (satyn almak üçin ýeňillikler, mugt harytlary hödürlemek, nomenklaturalaryna harydy goňandygy üçin dilerlere ýeňillikler, bilelikde mahabatlandyrmany geçirmek, öňe iterýän – baýraklary bermek, dilerleriň söwda bäsleşiklerini geçirmek) we kärhananyň öz söwda işgärlerini höweslendirmek (baýraklar, bäşdeşikler, satyjylaryň maslahatlary) degişlidir.
Satuwy höweslendirmek serişdelerini kärhanalaryň köpüsi ulanýar, olaryň öndürijiler, distribýutorlar (lomaý satyjy bolup, maksatly bazarda eksportýor bilen şertnama boýunça işleýän daşary ýurt firmasydyr), bölek satuw satyjylar, söwda-senagat assosiasiýalar we kommersiýa däl edaralar bardyr. Tajirçilik däl kärhana mysaly hökmünde buthanany getirip bilýäris.
Satuwy höweslendirmek boýunça işleriň örän çalt ösü-şine, has hem alyjylar bazarlarynda birnäçe ýagdaýlar ýardam edýär:
1. Ýolbaşçylar satuwyň netijeli serişdeleriniň biri hökmünde höweslendirmegi kabul edýärler.
2. Harytlar boýunça dolandyryjylaryň köpüsi, satuwy höweslendirmegiň serişdelerini ulanmagynyň başarjaňlygyny tapýarlar.
3. Harytlar boýunça dolandyryjylary, satuwyň ösdürilmegini talap edip gitdigiçe güýçli gysýarlar.
4. Bäsdeşleriň köpüsi satuwy höweslendirmek boýunça işlerini başlaýarlar.
5. Öndürijiler tarapyndan dellallar köpräk ýeňillikleri talap edýärler.
6. Mahabatlandyrmanyň netijeliligi ösüp duran harajatlar, maglumatlary ýaýradýan serişdelere mahabatlandyrma barlygy we kanun çykaryjy çäklendirmeler sebäpli peselýär.
Satuwy höweslendirmegiň serişdelerini “alyjylara ýeňillik” gurmaga ýardam edýän we ýardam etmeýän toparlara bölüp bolýär. Alyjylaryň gözlerinde ýeňillikleri kemala getirmäge ýardam edýän serişdeler köplenç söwda ýüzlenmäni ýeňillik şertleşigi hödürläp, mysal üçin: mugt nusgalary, söwda ýüzlenmeleri, çap edilen kuponlary we haryt bilen gös-göni baglanyşykly baýraklary ýaýradylanda bile geçirilýär. Alyjylaryň gözlerinde ýeňillikleri döretmeýän satuwy höweslendirmegiň serişdeleriniň arasynda – ýeňillik nyrhlar boýunça satylýan gaplar, haryt bilen gös-göni baglanyňykly däl alyjylara baýraklar, bäşleşlikler we lotereýalar, alyjylara puly yzyna gaýtarmak we bölek satuw satyjylara ýeňillikleri hödürlemek ýaly serişdeler bolýar. Alyjylaryň gözlerinde ýeňillikleri kemala getirmäge ýardam edýän serişdeleriň ulanylyşy markaly haryt hakda habarlylygy berkitmäge we onuň manysyny düşünmäge kömek edýär.
Satuwy höweslendirmek mahabatlandyrma bilen bilelikde ulanylanda has netijeli bolýar.
Satuwy höweslendirmegi ulanmaga karar etse, kärhana onuň meselelerini kesgitlemeli, höweslendirmeleriň zerur serişdelerini saýlamaly, laýyk gelýän maksatnamany işläp taýýarlamaly, onuň ilkinji barlaglaryny we durmuşa geçirmekligini guramaly, onuň gidişine gözegçiligi üpjün etmeli we ýetilen netijelere baha bermeli.

DÜNÝÄ Esenowa,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby