Sanly bilim ulgamy – häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň ynsanyýet üçin döredýän çäksiz mümkinçilikleriniň we oňyn şertleriniň esasynda bütindünýä jemgyýetçiliginiň şu günki ýaş nesilleriniň zehin taýdan özgerişine, aňyýet babatda ösüşine täsir edýän döwrebap tälim usulydy. Şonuň üçin hem, sanly bilim ulgamy häzirki zaman dünýäsiniň iň kämil tälim beriş usuly hökmünde saýlanylyp alyndy. Hut şu nukdaýnazardan-da, sanly bilim ulgamy BMG-niň özüne agza döwletleri üçin 2015-nji ýylda kabul eden 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş maksatlarynyň 17 sany global maksadyny durmuşa geçirmekligiň düýp esas özenini düzýär. Çünki, sanly ykdysadyýete geçilýän häzirki zaman dünýäsiniň ösen sanly tehnologiýalaryna erk edip bilýän, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmeklik üçin, bilim ulgamynyň sanlaşdyrylmagy ilkinji zerurlyk bolup durýar.
Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklanylan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde sanly bilim ulgamy tapgyrlaýyn ornaşdyrylýar.