Kitap her bir zamanda-da halkyň gündelik durmuşynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Akyl hazynasy hasaplanylýan kitaplar adamynyň tutuş süňňüne, kelle beýnisine, bedenine täsirini ýetirýän ruhy gymmatlykdyr.
Kitaplara danalaryň, akyldarlaryň pähim-paýhasy siňipdir. Kitap akyl-paýhasyň gönezligi. Şonuň üçin hem, biziň zähmetsöýer ata-babalarymyz kitaby ýedi hazynanyň biri hasaplapdyr. Bu gürrüňleri ýaşululardan kän eşitmek bolýar. Kitaplary okap, örän köp ýagşy gylyk-häsiýetleri öwrenmek mümkin. Belli fransuz ýazyjysy Wolteriň “Gowy ýazýan ýazyjyny okap, gowy gürlemäge endik edersiň” diýen sözleri bar. Köp okamaklyk adamyny hemme tarapdan kämilleşdirýärmikä diýýärin. Çünki her bir okyjynyň kitaplardaky položitel gahrymanlara meňzäsi gelýär. Eserleriň položitel gahrymanlarynda gowy häsiýetler jemlenýär. Olar kynçylyklaryň öňünde ýaýdanmaýarlar. Olar Watany ýürekden söýýärler, hemmeler bilen sypaýy gürleşmegi başarýarlar. Eserlerdäki otrisatel gahrymanlaryň hereketlerine bolsa, okaýan adamda gahar-gazap duýgusy döreýär. Köp kitap okan adam ähli tarapdan kämil bolýar.
Hakykatdan-da, kitaby köp okaýan adamynyň aňy ýitileşýär, sowatlylyk derejesi gitdigiçe artýar. Ol adamlar bilen gatnaşygynda gowy sözlemegi, asylly, saýhally bolmagy öwrenýär. Çünki ol köp kitap okaýar, söz baýlygy artýar. Akylly adamlar mydama köp okamagyň aladasynda. Ýalta adamlar bolsa okamak hakda pikir hem edenoklar. Köp okaýanlar gitdigiçe akyllanýar, paýhaslanýar. Kitap okaýan adamynyň ýady hem berkleşýär, ýatkeşligi artýar, sebäbi beýni okalýan wagty işläp dur, okamasaň, ýazmasaň ýat hem gowşaýar. Ylmy maglumatlara görä, adamynyň beýnisi bedenine bap gelmeli, şeýle bolan ýagdaýda beden gitdigiçe ýaşlaşýar, çünki kitap okalanda beýni yzygiderli işläp durýar. Diýmek, kitap okamagyň adam bedenine täsiri güýçli. Kitaby köp okamak öz-özüňe ynamyňy artdyrýar.
Berdiliýewa Aýmaral,
Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.