Gahryman Arkadagymyzyň ,, Paýhas çeşmesi” kitabynda
Ylym almak iňňe bilen guýy gazmak.
Ylymsyz bir ýaşar – ylymly müň.
Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat.
Bilmeýän zadyňy kitapdan sora.
ýaly nakyllar ylym, bilimiň bahasyz gymmtlykdygyny açyp görkzýär. Ýurdumyzda ylym – bilime uly üns berilýär.
,,Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar “ ýylynda diýarymyzda dürli pudaklar üçin ýokary hünär derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, milli bilimiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu möhüm mesele döwletimiziň dürli hünärlere bolan zerurlyklary hasaba alnyp, oýlanşykly çözülýär. Bu wezipeleri amala aşyrmakda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde kabul edilýän talyplaryň we ugurlaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Ýokary okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmeklige hem uly orun berilýär. Milli bilimiň hiliniň mundan beýläkde ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen nobatdaky wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini bilim görkezijileri boýunça dünýäniň abraýly okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça degişli işler durýar. Bilim ulgamyna dünýä standartlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barha giňeýär. Ýokary okuw mekdeplerinde guralýan köp sanly çäreler, ylmy konferensiýalar munuň aýdyň mysalydyr.
Bu gün ýurdumyzyň bilim ulgamy ösüşiň belent derejesine çykýar. Çagalar baglaryndan başlap, ähli bilim ojaklarynyň okatmagyň innowasion tehnologiýalary – multimedia, interaktiw enjamlary, kämil kompýuterlerdir döwrebap görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi biz ýaşlaryň bilim derejesine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Bu günki gün döwrüň möhüm talabyndan ugur alnyp, ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullary kämilleşdirilýär, olaryň sanawy hem yzygider giňeldilýär. Bularyň ählisi bilimiň hemmelere elýeterliligini üpjün etmek, ýurdumyzyň ýaşlarynyň öz ukyp-başarnygyny, zehinini doly derejede açyp görkezmegi üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmeginiň bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Oraz Hudaýberdiyew,
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Inžiner mehanika fakultetiniň talyby