Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyňalyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde ata Watanymyz özgertmeler ýoly bilen öňe ilerleýär, diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurmagyň we döretmegiň aýdyň ýoly dabaralanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary peder ýoluny dowam eýleýän hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar Watanymyzda döwrüň beýik ösüşlerini aýdyň şöhlelendirýän ajaýyp hem döwrebap binalar, kaşaň ymaratlar gurulýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasaty bilen kemala gelen, türkmen döwletiniň beýik ösüşlerini dabaralandyrýan Arkadag şäheri halkymyzyň abadan durmuşyny äleme äşgär edýär. Arkadag şäheri eziz Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, türkmen ykdysadyýetiniň batly gadamlarynyň aýdyň dabaralanmasydyr. Täze döwrebap obalar bu günki gün şäherler bilen bäsleşýär, olaryň onlarçasynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Döwrebap desgalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, döwrebap hassahanalaryň, hemmetaraplaýyn amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlarynyň ençemesiniň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Ýurtlary hem-de sebitleri birleşdirýän, awtomobil we demir ýollarynyň, gaz geçirijileriniň hem-de elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň iri gurluşyklarynyň gerimi dünýä ýaň salýar. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýäniň öňdebaryjy enjamlary, tehnologiýalary bilen üpjün edilen ymaratlar, ilata hyzmat ediş merkezleri hereket edýär. Ýurdumyzda her ýyl gurulýan iri senagat toplumlaryny we köpsanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek esasy üns merkezinde saklanylýar. Bularyň ählisiykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmaga, ýurdumyzy ösdürmäge dolymümkinçilik berýär. Önümçilik pudagynyň batly depginler bilen döwrebaplaşdyrylmagy hem-de diwersifikasiýalaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda strategik pudaklaryň durnukly ösüşleri üpjün edilýär. Berkarar Watanymyzda dünýäde iň öňdebaryjy tilsimatlar, tehniki enjamlar bilen üpjün edilen ulgamlaryň, döwrebap toplumlaryň gurulmagy bu ugurdaky işlerde möhüm ädim bolup, milli ykdysadyýetimiziň we eziz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uly mümkinçilik berýär. Şeýle asylly başlangyçlaryň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!
Kemran JUMANIÝAZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

RU












