OGULJENNET BÄŞIMOWA
GOŞGULAR TOPLUMY
Goýy güýz
Owadan gijeler sowap başlady,
Güýzüň dökjek zerlerine ýer ýasap.
Agaçlar toprakdan nemlenen borly,
Çygjaryp dur,
Elläp görseň, der basyp…
Merdiwany döwülipdir, alysda
Gökden aslyşyp dur nawy bulutlaň…
Sen şol gün,
Sen şol gün saçlarmy sypap,ýuwdundyň…
Süýndi şonda mawy- mawy bulutlar…
Muny iki dünýäň aralygynda duramda-da hiç unutman,
Unutman…
Ýene-de ýegşerýär, aýyň erňegi,
“Ýok, bu güýzem gaýdyp gelmez” diýip ýa…
Ýagyş damjalaýar agaçlaň, baglaň,
Begresinden taýyp, ýere tyýpýa…
Men ýene- de durun daňyň çotgasyn,
“Haçan gaçyrarka, elleri?” diýip…
Şol günem şeýledi,
Toprak çyglydy…
Aglap çawuş çakan ýyllarym deýin…
Ýene güýze taýýarlaýar eşigni,
Enä meňzeş baglar, hellew- de hellew…
Döwük merdiwan dek bölek bulutlar:
– “Geler”
– “Gelmez…”
– “Geler…”
– “Gelmez- le” diýip…
Parhy ýok, älemde kimdir biriniň,
Bir ýerlere barmaklygy hökman däl…
Sen bilmänem galdyň,
Saçym sypaňda,
Seň kalbyňa “meni unutmaz ýaly”
Sanjym goýberipdir,
Göýä lukmanlar…
Güýz
Bu nenen sarylyk, nähili matal,
Ýaprak nirden tapdy, gopup gaçmany?
Bulutlaň astynda çaýkanyp ýatan
Baglar edil çirkizilen saç yaly.
Söydüm seni sary deňzin damjasy,
Sende däli yazyň porhanlygy ýok,
Saňa “İçim dökjek”- diýen gursagym,
İndi seret, pyşyrdap hem bilenok.
Sust ümsümlik paýlap ýaganda ýagyş,
Çyg çekipdir güýzün altyn ýallary.
Ah, kükregi ýanyp duran nätanyş,
Gujaklap çykypdyr, ýaşyl baglary.
GÜÝZ GOŞGUSY
Men giçki güýz hakda köp oýlanýaryn,
Şonda duýgularym bolýar elýetmez,
Şeýdip derrew gyş temasy başlanyp,
Goşgularym çykman galýar,gazetde.
Asman saraýyna barýan bulutlar,
Azaşýar ýer- gögüň merdiwanynda,
Gussa çümüp sary ýaprak aglaýar,
Güýzüň hasrat bürän ýel- dumanynda.
Şeýdip, kalba salýar sadaja gussa,
Hemem süýji,bir düşnüksiz ykbaly.
Güýz güni şeýlebir kalba ýakymly,
Meniň çap bolmadyk goşgulam ýaly.
Ýene güýz…
Ýene güýz,
Ýene- de şol sary baglar,
Şol ýetim ýapraklar baldagy gaýym.
Näme üçin olar ýere gaçýarka,
Adressiz itler deý, ýakyn Hudaýa?
Olara bu dünýe darmyka eýse?
Belki bardyr eýesine hasaby.
Güýz güni şeýlebir göwnüme laýyk,
Göýä onda juwan giden kakamjan,
Gaýdyp gelýän ýaly, eli hasaly.
Ejemiň mellekde güneşi peýläp,
Ýadyma getirýär susgun oturşyn.
Sary ýapraklary alowda çeýnäp,
Kalbyma täzeden guýulýar gurşun.
Ýene-de goýalýar mürepbä meňzäp,
Atyzlaryň gapdalyndaky baglar.
Geçip bolmaýan deý datly hem göýä,
Häzir bölünen deý gökde howalar.
Serçeleň içinde erkin has biri,
It sesinden ürkmeýän deý haly-da.
Käte- käte güýzüň ruhy şemalyň
Eli bilen ýapraklary göterip,
Mündirjek bolýan deý , sary tabyda.
Ejemiň oragnyň tutajy çüýräp,
Dur eken bir täsin altyn gapyda.
Eheý ap- ak guwlar, barýaňyz niräk?
Nurly güne çümüp gidýär hakyda…
Şükür biri zyňaýmandyr zibile,
Ýatlama öwrülýär, ruhum, bedenim.
Belki bu güýz hasabyny soraýar:
“Öz jigime tabşyrman, tiz gidenmiň…”
Göýäki atlar hem ýalyn unudyp,
Sähra garşy öwüripdir ümzügin.
Şeýlebir süňňümden owaz eşdilýär,
Göýä saz guraly ýaly Men bu gün.
Heý doýma barmyka, barmyka gitme,
Ýar göýäki pasyl bilen klasdaş.
Ýene güýz, güýz bolsa turuzýar pitne,
Meň Ruhumda
Ol ikimiz kybapdaş!
Ýönekeý ýodajyk
Belki-de beýlebir gözel hem däldir,
Meni munça oda salary ýaly…
Ýöne ömrüň sahaplarna dolaýar,
Zordan ýaza çykan balary ýaly:
Ýaprak ýatyr…
Güýzem geçdi…
Gyş geldi,
Edil aýralygyň hazany ýaly…
Belki- de Mejnunyň öňünden çykar,
Ol dyzyna çöküp, alary ýaly…
Derekler çyzgyç deý durlar hatara,
Käte- de ussadyň galamy ýaly…
Birden- birden soňsuzlykdan ses gelýär,
Ylham perişdäniň habary ýaly…
Käte bir öwüsýär çapgyn, sowuk ýel,
Atanyň ogula gazaby ýaly…
Belki- de diýýändir: Git- de duýup gel,
Enäniň perzende azaby ýaly…
Belki- de beýle- de däldir bu ýoda,
Ussat şahyrlaryň ýazany ýaly…
Ýönekeýje bolsa bolubersin ol,
Ejemiň gamlyja gazaly ýaly…
Dylym- dylym edýär gökde bulutlar,
Şu ýodany tapyp ýazanym bäri…
Belki ýene geçer bu ýerden biri:
Meň şahyr ýüregmiň nazary ýaly…
Gyş gelmänkä…
Kämil däl bolarly bu beýik baglar,
Garga geçse hüjjerişýär saçlary.
Gyş heniz nobata goýmandyr
Çemli
Güýz toşabna dalan bu agaçlary…
Bilýänem däldirler aňzagyň baryn…
Adam şeýle bolýar…
Gaty söýende.
Täsin…
Gyş gelende asyljak daryn
Çyrmaşyklar taýýarlaşyp goýanda…
Agaçlar henizem ýaprak dökerne,
Ynanmazdan dowam edýär ýangynyn.
Ezilip damary güýzüň şekerne,
Hamana gelmejek ýaly gamly gün…
Goýalşan mürepbe,
Ýumşak toşabyň
Nobatyny syzyp, süýji gülaby…
Häzir süňňü müdimilik galjak deý,
Göýä häzir başlajak deý bal aýy…
Gargalaň opera aýdyşyn diňläp,
Toprak baş ýaýkaýan mysaly häzir.
Tekiz ýerde büdräp gelýän enem deý,
Güýzüň ruhy gökde hasaly häzir…
Şemal ýekelänok öýsüz itleri…
Gorkusyndan gizlenişýär syçanlar.
Güýz gelse obamyz aňyryk süýşüp,
Uzaklaşan ýaly bolýar ejemler…
Toşabyň ysyna eräp bedenim,
Kimdir birin göresleri gelýändir.
Gyş gelmänkä bilmän näme ederin,
Agaçlar hem hut men ýaly bolýandyr.
Ol heniz nobata goýmandyr çemli,
Agaçlar bukulyp, nyýaza durmaz…
Emma…
Arasynda bölek bulut deý
Geçip gidýär gyş köýnekli…
Sudurlar…