Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmekde örän uly ähmiýete eýe bolan maldarçylyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.
Telekeçiler ýurdumyzyň sarp ediş bazarynda azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmekde, et-süýt önümleriniň öndürilişini artdyrmakda, ownuk we iri şahly mallary ösdürip ýetişdirmekde uly işleri alyp barýarlar.
Diýarymyzda oba hojalyk pudagy ýokary derejede gülleýär hem pajarlap ösýär. Obasenagat toplumyny döwrüň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek, ilatymyzyň azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, maldarçylyk pudagyny ösdürmekde, mallaryň baş sanyny artdyrmakda, olaryň önümliligini ýokarlandyrmakda we pudagyň ot-iýmlik binýadyny berkitmekde degişli işleri geçirilýär.
Maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakda, ýokaryhilli maldarçylyk önümlerini öndürmekde mallaryň baş sanynyköpeltmek bilen bir hatarda olaryň tohumuň hiliniýokarlandyrmagyň uly ähmiýeti bar. Ýurdumyzda ösdürilýänoba hojalyk mallarynyň dürli görnüşleriniň nesil gorunysaklamak, kämilleşdirmek, ýerli şertlere uýgunlaşan täzetoparlaryny döretmek maldarçylykda tohumçylyk işiniň esasyugurlarydyr. Öri meýdanlarynda mal bakmagyňmümkinçiliklerini has-da artdyrmak we ulanylyşynydüzgünleşdirmek, suw üpjünçiligini gowulandyrmak hem-deemeli usulda ýokary hasylly örüleri döretmek uly ähmiýeteeýedir. Maldarçylygy ösdürmek üçin ähli zerur şertleriňdöredilmegi, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyňberkidilmegi bilen bir hatarda, pudagyň kanunçylyk binýadyhem berkidilýär. Mallary dürli kesellerden gorap saklamak, bejermek, maldarçylyk we guşçulyk önümleriniň, ot-iýmleriň, ot-iým goşundylarynyň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmekbabatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň ugurlarynydüzgünleşdirmäge mümkinçilik berýän degişli resminamalar, düzgünnamalar hereket edýär.
Gurbanmyrat REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň mugallymy

RU












