Awstraliýanyň Premýer-ministri Skott Morrison Gawaý adalarynda dynç alşynyň arasyny kesip, yzyna öz ýurduna dolandy. Premýer-ministr Awstraliýada heläkçilikli ýagdaýda tokaý ýangynlarynyň möwç alýan wagtynda dynç almaga gidenligi üçin watandaşlaryndan ötünç sorady. Ol iki sany meýletinçi ýangyn söndürijiniň aradan çykandygy baradaky habary eşidip, yzyna dolanmak kararyna gelipdir. Morrison dynç alşa çykmak baradaky kararyny «nädogry karar» diýip atlandyrdy. Muňa garamazdan, ol haçan-da dynç alşa ugranynda, ýagdaýlaryň o diýen erbet däldigini belledi.
Iki aýyň içinde iri möçberli ýangyn üç million gektardan gowrak tokaýy ýok etdi, onlarça öýler ýangynda galdy. Ýurduň günorta-gündogarynda adatdan daşary ýagdaý girizildi. Meteorologlaryň aýtmagyna görä, rekord derejedäki yssy howa zerarly adamlaryň güýji bu ýagdaýy düzetmäge ýetmez. Diňe güýçli ýagyş ýardam edip biler.