Iňlis dilini öwrenýänler üçin iňlis dilinde suwara we erkin geplemek örän kyn ýaly bolup görünýär. Emma ol beýle däl ähli zat hem islege we öwrenmek mümkinçiligiňize baglydyr.
Iňlis dilinde nädip suwara geplemeli?
Esasylar bilen başlamak.
Iňlis dilini öwrenýänleriň suwara geplemek hakynda düşünmeýän zady pikirlerini aýdyň we ynamly beýan etmek üçin hemme zady birkemsiz bilmegiň zerurlygy ýok.
Sözleri däl-de frazalary (jümleleri) öwrenmek.
Mundan öňki ädimde iň köp ulanylýan iňlis sözlerini öwrenmek maslahat berildi. Ýöne muny biraz täsirli etmek üçin diňe aýratyn sözleri däl-de, frazalary (jümleleri) öwrenmeli.
Iňlis dilinde diňlemek endiklerini ýatdan çykarmazlyk.
Bu ädim iňlis dilini diňe ýaňy öwrenip başlanlar üçin däl-de eýsem iňlis dilinde sözleýşini ösdürmek isleýänlere hem ähmiýeti uludyr. Çünki diňlemeklik iň köp ulanylýan aragatnaşyk ussatlygymyzdyr. Geçiren gözlegler, aragatnaşyk barada aýdylanda wagtymyzyň takmynan 9 %-ni ýazmak, 16%-ni okamak, 30%-ni geplemek we 45%-ni diňlemek bilen geçirýändigimizi görkezýär. Şonuň üçin erkin we suwara geplemeklik üçin täsirli diňleýji bolmaly.
Diňlemek endiklerini ösdürmegiň birnäçe ýollary bar. Olaryň esasylaryna:
Iňlis dilinde teleýaýlymlara tomaşa etmek.
Iňlis dilinde islendik filmi dürli tizlik bilen görmek.
Iňlis dilinde filmleri tekstleri bilen tomaşa etmek; iňlis dilinde aýdym diňlemek we ş.m. degişlidir.
Mümkin boldugyça iňlis dilinde köp materiallar okamak.
Eger-de iňlis dilinde suwara geplemek isleseňiz, öwrenmäge deňagramly çemeleşmeli. Okamaklyk islendik dilde erkin we suwara geplemek üçin ajaýýyp katalizator. Iňlis dilinde ýazylan çeper eserleri, kitaplary ýa-da gazetdir-žurnallary okamaklyk arkaly söz baýlygyňyzy artdyryp bilersiňiz we sözleriň dürs ýazylyşyny hem köp okamaklyk arkaly ýatda saklap bolar.
Öz-özüň bilen gürleşmek arkaly tejribe geçirmek.
Ilkibada bu ädim geň bolup eşidilse-de, öz-özüň bilen gürleşmeklik iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň iň ajaýyp usullarynyň biridir. Çünki, öz-özüň bilen gürleşeniňde ýalňyşlyk goýbermeklik gorkusy bolmaýar.
Eger-de öz-özüň bilen näme gürleşilmelidigi barada pikirlenýän bolsaňyz, ilki bilen edil şol wagtdaky pikirleriňizi beýan etmekden başlap bilersiňiz. Edil şol wagtdaky pikirleriňiz möhüm däl diýlende, diňe iňlis dilinde gürlemegi dowam etdirmek üçin möhümdir. Sebäbi islendik dilde sözleýişi ösdürmek ýa-da şol dilde geplemegi öwrenmek üçin şol dili köp ulanmalydyr, geplemelidir. Munuň başga bir ýoly bolsa, kimdir biriniň size sorag berýän ýaly göz öňüne getirip jogap bermekdir. Bu iňlis dilinde pikirlenmek üçin ajaýyp usul.
Imitasiýa usullaryny synap görmeli
Iňlis dili sözleýişi ösdürmegiň başga bir usuly diňlemeklik we gaýtalamakdyr. Muny iňlis dilindäki ses ýazgylary ýa-da wideo ýazgylary bilen ýerine ýetirip bolar.

Ilki bilen gürleýjini diňläň we her sözlemden soň pauza düwmesine basyň. Soňra gürleýjiden diňe bir sözleri däl, eýsem tizligini, äheňini we intonasiýasyny hem gaýtalaň. Bu görnüşli gönükmeler size edil iňlisler ýaly gürlemeklige kömek eder.

Öwezowa Ogulşat,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.