Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ykdysady syýasat ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge, güýçli senagat kuwwatyny döretmäge we onuň pudaklaýyn düzümini giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman bazar düzümi bolan, durnukly ösüş depginlerini gazanmaga gönükdirilen ykdysadyýeti ýokary hilli hem-de tapgyrlaýyn kemala getirmek döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.
Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiz ýurdumyzyň baý tebigy, geoykdysady mümkinçiliklerini, maýa goýum kuwwatyny peýdalanmak, döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek we daşary ykdysady işiniň netijeliligini artdyrmak arkaly diwersifikasiýalaşdyrylýar.
Özüniň tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerini bütin adamzadyň hyzmatynda goýýan Türkmenistan energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny yzygiderli berkitmäge çalyşýar.
Ägirt tebigy gaz goruna eýe bolan ýurdumyza sebitde we dünýäde ygtybarly energetika üpjün edijileriň biri hökmünde halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orun degişlidir. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna, eksport mümkinçilikleriniň artmagyna, ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň görnüşleriniň we mukdarlarynyň artmagyna getirýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça möhüm wezipeleri öňde goýýar. Gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän gaz ýataklarynda guýulary burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.
Bitarap Watanymyz energetika diplomatiýasyny işjeň öňe sürüp, täzeçil tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler bolan ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda tagallalar bilen çykyş edýär.
Parahat AGYLBAÝEW,
Daşoguz energiýa önümçilik birleşiginiň KAIG – nyň başlygy.