Amsterdam 1814-nji ýyldan bäri patyşalygyň dörän şäheri
hökmünde Niderlandiýanyň paýtgaty hem- de Amstel we Eý
derýalarynyň watanydyr.Ol derýa Nordze kanalynyň üsi bilen Orta Ýer
deňzine birleşýändir.
Amsterdamyň düýbi 1300-nji ýyllarda tutulsa- da onuň ilkinji
başlangyçlary 1275-nji ýylda bina edilip, 219,4 inedördül meýdany
tutýar. Ilat sanawy 872 757 adam bolup,ol ýerde 100 km –lik kanal, 90 –
a golaý ada, 1500 – e golaý köpriler ýerleşýär.Altyn asyr döwründe iň
iri söwda merkezi bolmak bilen, “amstel” ýagny “Beketleriň
watany”diýmegi aňladýar.
Dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň bu ýerde 7 si ýerleşýär we
ykdysady – üpjünçilik merkezi hökmünde ÝUNESKO-nyň hem
sanawyndadyr. Wan Gogyň işleri ýerleşdirlen ermitajlar, ,
Reýksmeýuzeýumlar, ştabs – kwartiralar, gyzyl fonarlar kwartaly hem
Amsterdamda ýerleşdirlendir.
Iň esasan hem bu şäherde – iri söwda merkezinde ýylyň dowamynda
4,2 milliona golaý jahankeşdeleriň gelýändigi , ol ýere seýil
edýändigidir.1170 we 1173 – nji ýyllarda ilat köpri gurýarlar we bu
köpriniň adyny hem ilat “Amstelledame”- diýip, atlandyrýar.Deňiz
howasynyň täsiri bilen howasynyň ýumşaklygy täsirini ýetirýär. Uly
gomlaryň hem – de şemal arkaly deňiz tolkunlarynyň äpetligi haýran
galdyryjydyr.
18 – nji asyrda balykçylygyň iň iri ösen ýeri bolan bu ýerdäki obada
ilkinji gezek hasaba alnan jaýlar bu güne çenli saklanyp
galypdyr.Ýewropanyň iň gadymy söwda merkezleriniň biri hökmünde
tanalmak bilen göwher önümçiligi bilen hem tanalýandyr.Kofýe, kakao,
kakos ýagy, gant şugundyry, däne ýaly zatlary öndürmekde hem
meşhurlyga eýedir.880 000 – e golaý welisoped şäherde ulanylýandyr.
Şäheriň ortarasynda ýerleşýän metropoliten bolsa geçelgeler bilen,
awtobus, tramwaý ulaglary bilen doly üpjün edilendir.1632-nji ýylda
Amsterdamda düýbi tutulan häzirki döwürde dünýä meşhur erkin
uniwersitet jemgyýetçilik, ykdysadyýet, söwda, hukuk, lukmançylyk
fakultetlere bölünýändir.
Dünýä ýüzünde 11 sany uniwersitetiň birlikdäki tory bilen işleşip, 13
sany fakulteti özünde jemleýär. Iň merkezi köçesi, patyşalyk howlusy,
muzeýleri, milli monumentleri, minaralary ýerleşdirlen bu şäherde

1921- nji ýylda ilkinji teatr açylýar. 750 sany görnüşli haýwanat dünýäsi
bilen meşhur dünýä ýüzünde jahankeşdeleriň iň gelim- gidimli ýeri
bolan Artis Zoo muzeýinde bolsa, 300 – den gowrak ösümlik dünýäsiniň
görnüşleri ýerleşdirilendir.

Seýitaly Arslanow

Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň Maliýe
hünäriniň talyby