Älemiň iň täsin,iň güýçli hadysalarynyň biri bolan ýyldyrym
çakmalary aslynda dünýäniň çar tarapynda çakýar. Aslynda gadymy
şumer dilinde “çak” sözi “ýyldyrym” diýmegi aňladýar. Soňra wagtyň
geçmegi bilen hem”ýyldyrym” hem “çak” sözleri birleşip, ikisi bir mana
, Ýagny “Çyldyrym çakmagyny” aňladypdyr.
“Çakmak” umuman bu söz ýanmak manyda hem ulanylyp bilner. Çünki
“çakmak daşy” ot ýakmak üçin ýörüte ulanylýan daşdyr. Çak- şumer
dilinde ataş manysyny berýändigini hem belläp bileris. Ýöne şony
umumylygyna alanyňda ot- ataş- alow manylayrnyň barlygy bilen
tebigatda bolýan hadysalaryň häsiýetini aňladýar.
Ýyldyrym näme?Olar hakda köplenç pikirlensek hem tebigatda
beýlebir köp gabat gelmeýänligimiz sebäpli onuň doly ylmy maglumatlar
bilen öwrenilmesine üns bermek gerekdigine düşünmek zerurdyr.Ol
näme üçin hakykatdan hem çakýar? Ol näme üçin adamlaryň aňynda
howply duýgyy döredýär. Aslynd açeper döredijilikde näme üçindir
ertekilerde, ýa- da wakalarda, ýa- dagorkunç duýgylary berýän
filmlerde, wakalary has- da effekt aýratynlygyny güýçlendirmek üçin
ýyldyrym çakyşyny berýärler. Munuň özi ýyldyrymyň älem giňişliginde
ynsan hakydasyna hakykatdan hem dowul salan , gorky salan
hadysadygyny subut edýär. Şeýlelikde ýyldyrymlaryň gorkunç häsiýetleri
bar. Olar gorkmak duýgusyny näme üçin döredýärlerkä? Muny bilmek
gyzykly.
Ýyldyrymlaryň 75 % göterim çakan bölegi atmosferada
galýar.Çünki olar köp ýere gaçyp bilmeýärler. Ýöne şeýe- de bolsa,
olaryň hiç hili ýagdaý döretmezligi üçin hüşgärligi elden bermeli
däldigii düşnüklidir.Onuň gyzgynlyk derejesi 30.000 bolup, günüň
gyzgynlygynyň ýokarky gatyndan 6 esse uludyr.Her ýyl 1,5 mlrda golaý
ýyldyrym biziň planetamyzda çakýar.
Sputnik arkaly hasaba alynmasy bolsa, onuň güýjüniň
egsilmezdigini görkezýär.Bir ýyldyrymyň güýji iň gür ilatly ýerleriň 10
mln adamsyny elektrik energiýasy bilen bir ýylyň dowamynda üpjün
etmäge mümkinçiligi bar. Uçarlara ol täsirini ýetirip bilmeýär. Çünki
uçaryň gurluşynda oňa bolan işler amal edilen. Agaçlar bolsa,
ýyldyryma öwrenişýär.Elbetde tebigatdaky bar hadysalrdan ynsana
goranmak hem ony öwrenmek hem zerurdyr. Çünki biz daşky dünýäde
bolup geçýän ähli zatlardan habarly bolmagymyz , ol biziň ylmy
derejämizi hem ymykly kesgitlemäge mümkinçilik döredýär.
Zöhre Gapurjanowa
Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň Maliýe
gözegçiligi taýýarlyk ugrunyň talyby