Suw, Ýerdäki her bir janly-jandar üçin ýaşaýyş çeşmesidir. Diňe 2 wodorod atomyndan we 1 kislorod atomyndan ybarat bolsa-da, alymlar bu hakda täze açyşlar edip, öwrenmegi dowam etdirýärler.
Suw — tebigatyň bahasyz peşgeşi. Ol biziň gymmatly baýlygymyz. Hut şonuň üçinem suw we ondan rejeli peýdalanmak, suwa elýeterlilik meselesi häzirki zaman dünýäsiniň çözülmesi iň derwaýys wezipeleriniň hatarynda goýulýar. Suw bütin adamzadyň umumy gymmatlygy hasaplanýar.
Türkmenistan ýurdumyz Güneş çoguna baý ýurt. Ýylyň ähli paslynda diýen ýaly, ol öz ýyly şöhlesini bereketli topragymyza bolluk bilen saçýar. Jöwzaly tomsumyzda bolsa, suwa teşnelik artýar. Şonuň üçin suwuň gadyry asyrlar dowamynda bilnip gelipdir. Suw ýedi hazynanyň biri hasaplanypdyr. Ata-abalarymyz suwuň damjasyny altyna deňäp: ”Suw damjasy-altyn dänesi” diýipdirler. Olar suwuň adam ýaşaýşy üçin ähmiýetiniň örän ýokarydygyna göz ýetiripdirler. Asyrlaryň dowamynda agyz suwuny-da, maldarçylyk, ekerançylyk üçin gerek bolan suwy hem örän tygşytly ulanypdyrlar. Muňa degişli döredilen: “Suwly ýer gül, suwsyz ýer çöl”, “Suw hasylyň enesidir”, “Suwsuz durmuş ýok, zähmetsiz – rehnet”, “Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp – il”, “Suw her zady päklär”, “Suwsyz ýer – gysyr mal” ýaly nakyllardyr atalar sözleri halkymyzyň suwa mukaddeslik hökmünde garandygyna şaýatlyk edýär.
Howa, gün, suw ynsan durmuşy üçin iň gerek bolan elementler hasaplanýar. Şu elementleriň biri bolan suwuň hem adamyň ýaşaýşy we sagdynlygy üçin örän uly peýdasy bardyr. Arassa suw adamlar, jandarlar hem-de ösümlikler üçin zerurdyr. Şonuň üçin hem suwy ýaşaýşyň çeşmesine deňeýärler. Suw iýmitiň özleşmegine ýardam edýär. Şeýle hem suw aşgazan ulgamynda bolup geçýän himiki özgerişlere gatnaşýar. Şonuň ýaly-da, bedeniň gyzgynyna hem täsir edýär.
Ylymda suw bilen baglanyşykly ençeme işler edildi, onuň düzümi we peýdasy, durmuşdaky orny barada alymlaryň işlerinde duş gelýär.
Ogulşat BAÝRAMOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.