Döwletimizde milli bilim ulgamyny ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berlip, onuň işini dünýä ülňülerine laýyk getirmek üçin düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bilim özgertmeleriniň esasy maksady edep-terbiýeli, watansöýüji, sagdyn ruhly, berk bedenli, kämil hünärli, ilhalar nesilleri kemala getirmekden ybarat bolup, ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginde ösmeginiň, jemgyýetimiziň medeni we ruhy taýdan has-da kämilleşmeginiň esasy şertleriniň biridir. Maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, döwrebap okuw-terbiýeçilik işlerini alyp barmak, okadylyşyň hilini innowasion tehnologiýalaryň hasabyna gowulandyrmak arkaly kämil bilim ulgamy döredildi. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň röwşen geljegimiz bolan ýaş nesiller baradaky ýadawsyz aladasynyň aýdyň netijesidir.
Döwrebap bilimi we ösen ylmy döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň, halkyň ýokary ýaşaýyş derejesiniň ygtybarly binýady hasap edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimiziň aň-bilim, ylmy-tehniki kuwwaty täze derejelere çykarylýar. Milli ylym-bilim ulgamynyň hereket edýän hem-de täze gurulýan edara ediş we dolandyryş , okuw-usulyýet binalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, öňdebaryjy usullar ornaşdyrylýan ýokary amatlykly okuw mekdeplerinde ýaşlaryň çuňňur bilim almagy, geljekde saýlap alan hünärleriniň eýesi bolmagy, ylma-bilime höweslenmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Gözel ALTYBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.