Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol bolsa elektron maglumat binýadynyň ähli üpjünçiligini öz içine alýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda ýaş nesliň umumy orta bilim almagy, döwrüň kämil şahsyýetleri bolup ýetişmegi, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we kämilleşdirmek maksady bilen, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli orta mekdeplerde ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzda çagalara mekdebe gadam basan ilkinji gününden netbuk kompýuterlerini sowgat berlip, olaryň çagalykdan kompýuteri ulanmagy özleşdirip, geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin tagalla edilýär.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde, okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmakda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň elektron resminama dolanyşygyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar, olar zerur bolan okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün edilýär. Döwrüň talabyna laýyklykda, milli bilim ulgamynyň özgerdilmeginde ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlaryň bilim almagy, alýan bilimlerini iş ýüzünde amal etmekleri üçin kompýuter tehnologiýalary, barlaghana enjamlary ýerleşdirilip, lingafon otaglary döredilýär we bularyň ählisi internet ulgamyna birikdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän işleri sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, bilimli ýaş nesli terbiýelemekde özüniň oňat netijelerini berýär. Milli we abraýly halkara olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Türkmenistanda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar giňeldilýär.

Eziz Diýarymyzy ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmagyň esasy ugry bolan ylym-bilim özgertmeleri bu gün ajaýyp netijeleri berýär. Ata Watanymyzda ösüşlerimiziň binýady bolan ylym-bilimiň ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

ANNAMYRADOWA Selbi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby
Howandar mugallymy: Mommyýew Emir