Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiziň bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak barada aýdanlaryndan ugur alnyp, häzirki döwürde ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hil taýdan giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Halkymyzyň özboluşlylygyny we milli aýratynlyklaryny hasaba almak bilen orta, orta hünärment we ýokary okuw mekdeplerini döretmek baradaky garaýyşlar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şeýlelikde, bilim berilýän ýaş nesilleriň şahsyýet hökmünde we durmuş taýdan kämilleşmegi ugrunda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi orta we ýokary okuw mekdeplerimizde bilimiň mazmunyny kämilleşdirmäge oňyn täsirini ýetirip, häzirki zaman bilim derejeli täze nesliň kemala gelmegini, olaryň dünýäniň habarlar we medeni giňişligine goşulyşmagyny üpjün edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Döwletiň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügi ikuçsuzdyr. Bu hakykaty göz öňünde tutup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerine sanly bilimi ornaşdyrmak ugrunda giň möçberli işleri alyp barýar. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda biziň ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň meşhur ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, öz kärine ussat hünärmenler bolup ýetişýärler.
Goý, ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak arkaly innowasion usulyýetleri ornaşdyrmaga giň ýol açan, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdebaryjy, kämil innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

Mamajan AMANOWA,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ 3-nji ýyl talyby.