Oba hojalyk pudagy halk hojalyk toplumynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu gün döwletimiz ekerançylaryň bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli şertleri döredýär.
Daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, welaýatlaryň her birinde naýbaşy tohumly ýaş göleleri ýetişdirmekden başlap, taýýar et we süýt önümlerini öndürmek üçin we eti gaýtadan işläp taýýarlamaga çenli doly önümçilik tapgyrly iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy hem-de gurulmagy dowam edýär. Bu taýýar önümlere peýnirleriň, şöhlatlaryň dürli görnüşleri, süýt, gatyk, gaýmak, ýogurt, mesge ýagy we beýlekiler degişlidir.
Obasenagat toplumyndaky özgertmeler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly strategiýasynyň aýrylmaz düzüm bölegidir. Netijede, türkmen telekeçileri täze ýerleri özleşdirmegiň, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň hasabyna azyklyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin uly tagallalary edýärler. Häzirki wagtda däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, ekerançylyk, miweçilik, üzümçilik, bagçylyk we balçylyk depginli ösdürilýär. Şeýle hem maldarçylyk we guşçulyk täze itergä eýe boldy. Pudaklaýyn ylmyň, seçgiçiligiň we tohumçylygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.
Mulamberdi Döwletgeldi,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

RU












