Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň okgunly ösýän halk hojalyk toplumy dünýäniň we ýurdumyzyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasiýa ösüşine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn, guramaçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, ozal hereket edýän ugurlarynyň gerimini giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen uzakmöhletli milli maksatnamalar işlenip taýýarlanylýar we üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bu bolsa halk hojalyk toplumynyň innowasiýa ösüşi, hususyýetçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artdyrylmagy, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornunyň berkidilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň innowasion ösüşi, hususy pudagyň barha giňeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň özenini tutýar. Türkmenistan halkara ulag-üs-taşyr geçelgeleriniň hem-de multimodal ýollarynyň döredilmeginde işjeň syýasata ygrarlylygyny görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň oňyn daşary syýasaty netijesinde sebitiň örän möhüm ulag geçelgesine, iri halkara logistika merkezine öwrülýär.
Döwlet Baştutanymyz daşary döwletler bilen özara gatnaşyklar boýunça möhüm teklipleri öňe sürýär hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli çäreleri görýär. Ilata ýokary hilli we elýeterli ulag-kommunikasiýa hyzmatlarynyň hödürlenilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň üstünlikli ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek hem-de ykdysadyýetiň innowasiýa häsiýetli ösüşi boýunça kabul eden kararlary esasynda uly itergä eýe bolan özgertmeler halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Ähli ugurlardaky bu özgertmeler ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply, berk ykdysady kuwwatynyň hem-de aň-paýhas mümkinçilikleriniň kemala gelmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Bu bolsa hojalygy ýöretmegiň usullarynyň täzelenmegine, önümçilikleriň netijeliliginiň artmagyna, milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliginiň ýokarlanmagyna, şeýlelikde, türkmen bazarynyň daşary ýurt maýadarlary üçin özüneçekijiliginiň ýokarlanmagyna getirýär. Munuň özi ulag-kommunikasiýa ulgamynyň önümçilik mümkinçilikleriniň döwrebaplaşdyrylmagynyň täze tapgyryny aňladýar. Bu ugurda döwlet emläkleriniň hususylaşdyrylmagyna hem-de bazar guramaçylyk-hukuk görnüşlerine geçilmegi möhüm orny eýeleýär. Türkmen halkynyň bolelin hem eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaç alsyn!
Kakajan HANDURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby