Broker (dellal) – bu müşderiniň tabşyrmagy boýunça we onuň hasabyna öz adyndan biržada satyn alma – satma baradaky gepleşik geçirilende, aralykdaky hyzmatlary ýerine ýetirýän adam.
Broker (dellal) – bir gezek alma – satma gepleşigi özbaşdak amala aşyrmak isleýän satyjylardan we alyjylardan durýar.
Harytlary ýerleşdirmek boýunça işler we ýerleşdirmek ýollaryna gatnaşýanlar bilen şertnamalar ulgamda dartgynlyk we deňagramsyzlyk bolmaz ýaly ylalaşdyrylmaly. Uzak möhletleýin bäsleşigi bolmagyna alyjylaryň islegi we hil häsýetnama öwrenilmeli.
Töwekgellik – bu serişdeleriň we usullaryň üsti bilen ýetip bolmajak peýdaly netijeleri önümçilik üçin howply ýagdaý dörese-de gazanmakdyr. Hemişede ykdysady ösüş belli bir derejede ýolbaşçynyň zähmetiň guralyşyna, onuň töwekgel hereket etmäge taýynlygyna baglydyr.
Töwekgellik – bu ugurtapyjylyk bilen çemeleşmek, ol dürli alamatlar boýunça toparlara bölünýär. Eger önümçilik maksatlaryna ýetmegiň başga ýollary tapylmasa, oňa töwekgel hereket etmek maksada laýykdyr.
Telekeçi işi guramaga öz serişdesini goýan we onuň netijesi bilen bagly hususy töwekgelçiligi öz üstüne alýar. Telekeçi şertnamasynyň bir tarapy bolup çykyş edýär we ýolbaşçylyk edýän kärhananyň ýa-da öz adyndan şertnamalara gol çekmäge anyk wekile hukuk berýär. Telekeçi işiň ahyrky netijesi üçin jogapkärçiligi öz üstüne alýar.
Döreýiş sebäpleri boýunça töwekgellik alynjak netijeleriň näbelliligi, arkalaşykly hyzmatdaşlaryň hereketleriniň öňünden bilinmezligi, maglumat ýetmezçiligi boýunça bölünýär.
Ýene-de bellemeli zatlaryň biri – söwda etmegiň etikasyny (gylyk, häsiýeti) öwrenmeli.
Adamyň nähili özüni alyp barmalydygy barada meseleler;
Ahlagyň mazmunyň gelip çykyşy;
Harydy satmak we ýerleşdirmek diýmek – öndürilen harydy lomaý we bölekleýin möçberde, bellenen ýere, bellenen wagtynda alyjyny doly razy etmek üçin eltip bermeklige düşünilýär. Ony satmakda we ýerlemekde alyjylaryň ösýän islegini, kanagatlandyryp bilýän ýagdaýlaryň täzeçe özgerip durmagy bölek satuw söwdasyna alyjylara edilýän täsiriniň öz netijeliligine getirip bilýär.
Alyjylaryň oňat harytlara bolan isleginiň çalt ösýän döwründe täze önümçilik tilsimatlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylýan wagtynda, kärhana öndürilýän harytlaryny bazara çykarmak bilen çäklenip bilmeýär. Alyjylar täze kämilleşen harytlary işleýärler we oňa garaşýarlar. Bäsleşýänler hem şeýle islegleri kanagatlandyrmak üçin öz mümkinçiliklerini gaýgyrmaýarlar. Şonuň üçin hem, her bir kärhananyň täze haryt önümçiligiň düzülen maksatnamasynyň bolmak zerurçylygy ýüze çykýar.
Kärhanalar wagtal-wagtal harytlaryň täze görnüşlerini göýbermeklige niýet edinýärler. Onyň sebäpleri şeýle bolup bilýär:
öz önümçilik pudagynda täzelikçi hökmünde kärhananyň abraýyny artdyrmak, satuwy höweslendirmek, haryt ömrüniň pese gaçmak tarapynda duran harydy çalyşmak zerurlygy, bäsleşlerinden öňe çykmak meýli ýa-da has ýygy-ýygydan harydyndan görýän peýdasyny artdyrmak üçin emele gelýär. Şu işleri geçrimek üçin bazar barlagyny geçirmek zerur.
Kärhana bazar hakyndaky doly möçberdäki maglumatlary oňat öwrenmeli. Önümiň bu görnüşi üçin bazaryň möçberini, harydyň, kärhananyň girdejisine berip biljek goşandyny önümiň görnüşiniň seýrekligini, onuň haryt görnüşinde beýleki önüme täsiri, kärhananyň umumy işine aňsatlyk bilen goşulyp biljegini we başgalary pugta öňünden bilmeli bolýar.
Täze haryt hakyndaky niýetleri dürli çeşmeleriň esasynda gowuşýan maglumatlar hem emele getirip bilýär, ýagny esasy çeşmesi alyjylaryň teklipleri. Galyberse, bu meselede harydyň hilini gowylandyrmakda, bar bolan harytlara täze teklipleri bermekde kärhanalar öz pikirini hödürläp bilýärler. Täze harytlaryň meýilnamasynyň esasy bölegi, ony ösdürmek boýunça ýörite bölümde işlenip taýýarlanylýar.
Kärhana özüne gerek bolan habarlary ýörite söwda, sergi, bazarlar, köpçülikleýin maglumatlar (gazetler, radio, daşky bildirişler) we başga görnüşleriniň üsti arkaly berip biler.
Alyjylara täze önüm we onuň häsiýetnamasy barada – haryt, ýagny onuň bardygy, nämä niýetlenendigi, nireden satyn alyp boljakdygy barada maglumat bermelidir. Gowy ynama giren harydyň ýatladylyp durulmagyna üns berilýär. Harydy öňe ösdürmekde esasy mesele – müşderileriň gowy garaýşyny gazanmak, näme üçin bäsdeşleriň däl-de, diňe siziň harydyňyzy saýlamalydygyny delilllendirmeler arkaly düşündirmek we müşderilere ony satyn almaga ynandyrmak.
Öňe ösmekligiň esasy görnüşleri şu aşakdakylary öz içine alýar:
reklama;
meşhurlyk;
söwda höwes döretmek;
şahsy satuw
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby Abdylowa Enejan