Demirgazyk Horasanyň orta asyr taryhynda we medeniýetinde yz galdyran, Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Änew şäheriniň gadymy ýadygärligi soňky bir asyryň dowamynda alymlaryň ünsüni çekip gelýär. Onuň Erk galasy 7,5 ga bolup, daş-töweregi bilen alanyňda umumy tutýan meýdany 250 ga deňdir. Ol gojaman Köpetdagyň Kelteçynar jülgesinden akyp gelýän Änew çaýynyň (“Şowlatma ýaby”) ugrunda ýerleşýär.
Şäheriň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly onuň söwda-ykdysady we medeni ösüşine öz täsirini ýetiripdir. Görnükli amerikan alymy, geolog R.Pampelliniň açyşlary bilen ak bugdaýyň Watany hökmünde dünýä taryhynda meşhurlyk gazanan ekerançylyk oazisi XVlll-XlX asyryň ortalaryna çenli özüniň ösüş ýoluny geçipdir. Bu şäher orta asyr çeşmelerinde Bagabat, Naşjuwan ýaly dürlüçe atlandyrylypdyr.
Änew ilkinji gezek berkitme hökmünde biziň eýýamymyzyň başlarynda İsidor Harakiskiniň “Parfiýan duralgalary” ýol görkezijisinde “Gatar” ady bilen ýatlanylýar. Soňlugy bilen lX-XV we XVlll-XlX asyrlaryň ýazuw çeşmelerinde ýatlanyp geçilýär.
XlX asyryň ahyryndan başlap şäher ýadygärligi hakyndaky maglumatlara rus alymlarynyň neşir edilen işlerinde aýratyn orun berilipdir. 1947-nji ýylda arheolog W.A.Lewinanyň ýolbaşçylygynda şäher ýadygärliginde giň gerimli arheologiýa barlaglary geçirilýär. 1995-2001-nji ýyllarda XV asyryň ortasy bilen senelenýän sardobada, gala diwarynyň günorta-gündogar böleginde barlaglar geçirildi. Arheologiýa barlaglarynyň dowamynda şäher ýadygärliginiň täze topografik kartasy döredildi.
Änewde kerwensaraýlar, hünärmentçilik, goranyş diňleri, jemgyýetçilik desgalary, ýapyk görnüşli suw howdanlary gurlup, ýurdumyzyň orta asyr şäherlerine mahsus özboluşly şähristany emele getiripdir.
Bu ýerde Orta Aziýada özüniň binagärçiligi bilen tapawutlanýan Seýitjemaleddin ýadygärlikler toplumy bina edilipdir. Akademik G.A.Pugaçenkowanyň takyk maglumatlaryna görä, Seýitjemaleddin ýadygärliginiň gurluşygy 1455-1456-njy ýyllarda alnyp barylypdyr. Bu ýadygärlikde Orta Aziýanyň arhitekturasynyň taryhynda ilkinji gezek syrly aždarhalaryň şekili ýerleşdirilipdir. XVl-XlX asyrlarda Bagabat atlandyrylan şäheriniň günorta-günbatarynda dagdan akyp gelýän çeşmäniň boýunda miweli we saýaly agaçlar oturdylypdyr, däne we bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilipdir.
AHMEDOWA Göwher
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby
Howandar mugallymy: Gylyçlyýewa Gülnar

RU












