Muaý-taý (taý boksy) Taýlandyň söweş sungaty bolup, ol “erkekleriň söweşi” ýa-da “erkin göreş” diýmekligi aňladýar. Bu sungat XVl asyrda ýüze çyksa-da, ol XX asyryň ikinji ýarymynda dünýä derejesinde belli bolup başlaýar. Muaý-taýyň gelip çykyşy barada birnäçe çaklamalar bar. Käbir adamlar taryhy kökleri birnäçe müňýyllyklara uzap gidýän muaý boran sungatyndan gelip çykypdyr diýse, beýlekiler öz gözbaşyny krabi-krabong (“Gylyç we taýaklar”) sungatyndan alyp gaýdýar diýip hasaplaýarlar.
Söweş sungatynyň bu görnüşi harbylary bilen bir hatarda şalaryň maşgalasyna hem öwredilipdir. Bu söweş bilen baglanyşykly şalaryň öňünde birnäçe şüweleňler, baýramçylyklar geçirilipdir. Aýratyn tapawutlanan söweşijiler şanyň goşunyna alnypdyr we olar “Şanyň göreşijileri” diýen hormatly ada eýe bolupdyrlar.
1929-njy ýylda utuklar boýunça ýeňijini saýlamak düşünjesi ýüze çykýar. Wagt bolsa her biri 3 minutdan ybarat bolan 5 sany raundlar bilen çäklendirilýär. Öňki döwürlerde wagty bellemek üçin ýörite kokos miwesini suwa oklapdyrlar, tä kokos suwa çümýänçä söweş dowam edipdir. Suwa çümende deprek kakylyp, söweş wagtynyň tamamlanandygyny yglan edilipdir.
Sportuň bu görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girmeýär. Emma onuň federasiýasy İFMA ( İnternational Federation of Muaythai Amateur) muaý-taýy tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşmaklyga teklip edilýär.

Rahat HOJAÝEW,

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyñ talyby