Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan
«Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda türkmen
halkynyň baý taryhyndan söz açýan täsirli maglumatlar beýan edilýär.
Türkmen halkynda bina gurmagyň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele
alan meşhur ussalaryň nesilleri ýaşapdyr. Olaryň döreden ajaýyp
sungatynyň biri-de, XV asyrda bina edilen, Temiriler döwrüniň naýbaşy
ýadygärliklerniň biri Seýit Jemaleddin binagärlik toplumydyr. Bu
ýadygärligiň esasy gyzyklandyrýan zatlaryň biri bolsa, binägarlik
toplumdaky metjidiň girelgesiniň ýüzüne şekillendirilen iki aždarhalaryň
şekili bolup durýar. Henize çenli syry çözilmedik aždarhalaryň şekili, bu
ýadygärligiň gymmatyny has-da artdyrýar.
Seýit Jemaleddin ýadygärlik toplumy özüniň binagärçilik çeperçiligi
bilen taryhda uly yz goýdy. Gündogarşynas arheolog A.A.Semýonow
metjidiň gysgaça beýany teswirläp, 1905-nji ýylda Moskwada neşir
edilen «Rus sözi» atly gazetde çap edilen «Gözellik öýüniň medeniýeti»
atly makalasynda onuň häsiýetli aýratynlyklaryny beýan edip şeýle
ýazypdyr: «Uzaklardan seleňläp görünýän Änew ýadygärlikleri
nazarynda baky galyp, bilesigelijiligiňi artdyrýar. Ýadygärlikler
toplumynyň dünýäsine aralaşanyňda, türkmenleriň ata-babalarynyň
gudratyna haýran galýarsyň».
Seýit Jemaleddin metjidiniň binagärçilik sungaty özboluşlydyr.
Girelgäniň ýokarsyndaky gönüburçlukda garamtyl-gök reňkde Abyl-
Kasym Babyryň soltanlyk eden ýyllarynda gurluşygyň amala
aşyrylandygyny habar berýän arap ýazgysy ýer-leşdirlipdir. Onuň aşaky
bölegi dürli-dürli reňkler ulanylyp, örän ussatlyk bilen ýerine ýetirilen
bezegler bilen bezelip, ol ýere syrçaly nagyş düzümlerinden düzülen bir-
birine simmetrik ýerleşdirilen iki sany towlanyp duran aždarhanyň şekili
ýerleşdirilipdir. Esasy girelgäniň içki aýlawly örümiň öň tarapy bir-
birine çalşyryp gelýän uly möçberli dogry we süýndürilen altyburçluklar
gurşaýar, olaryň daşy gök reňkli syrçaly çyzyk bilen aýlanýar. Aýlawly
örümiň aşaky bölegiň iç tarapynda iki gapdalynda dikligine gök reňkiň
ýüzüne ak harplar bilen «nashi» ýazgysy ýazylypdyr.
Metjidiň girelgesiniň bezeginiň bütewi görnüşiniň umumy reňki
garamtyl-mawy sowuk äheňli ýagdaýda bolup, aždarhalaryň açylyp
duran agzyndan gözbaş alýan biri beýlekisine çyrmaşyp gidýän
ösümlikleriň baldaklarynyň ýaşyl we mawy reňkli okgunly çylgymlary,
daşyna ak gaýma çekilen hem-de garamtyl-badam öwüşgünli ýiti burçly
uly ýapraklar, ortasy garamltyl menek-menek ak güljagazlar seretdigiňçe
barha duralyp barýan reňkleriň özara sazlaşygyndan hiç haçan
gaýtalanmajak ajaýyp bir mukamy emele getirýär. Dört aýakly we bäş
barmakly penjelerine daýanyp duran ýylan görnüşli, eýmenç kelleli iki
aždarhanyň şekili syrçalanan keramika bölejiklerinden ussatlyk bilen
düzülipdir. Olaryň büdür-südür teňňeli endamy töweregi garamtyl-
badam reňkler bilen aýlanan ak tegmillerden ybaratdyr. Aždarhalaryň
ikisiniňem tutuş göwresiniň endamy, aýaklary, penjeleri, guýrugy ak
zolak bilen jäheklenip, onuň üstünden arkasyndaky diş-diş gerşi ýatgy
sary reňkde suratlandyrylypdyr. Şeýle ýatgy sary reňkler bilen
aýaklarynyň göwresine sepleşýän käbir ýerlerinde çyzyklar çekilipdir.
Köp halklaryň rowaýatlarynda, ertekilerinde ýylanlaryň uzak ýaşap
aždarhalara öwrülişi, olaryň genji-hazynalaryň goragçysy bolmagy we
şuňa meňzeş geň enaýy wakalar gürrüň berilýär. Bu barada halkymyzyň
arasynda şeýle nakylyň bolmagy hem ýöne ýerden däldir «Ýylan ýüz
ýaşasa – aždarha, müň ýaşasa – ýuwha».

Gülaýym BAÝRAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 202-nji toparyň talyby