Häzirki günüň derwaýys talaby, bazar ykdysady şertinde bazar bilen işlemegiň aýratynlyklaryna, ýagny marketinge üns bermekdir. Halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy global marketing işi bilen düşündirip bolýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň haryt syýasatynda marketing babatdaky tehnologiýalary giňden ulanmagy talap edýär. Marketing birinji elementi bolup alyjylaryň isleglerini öwrenmek bolup durýar, munuň üçin marketing maglumatlar ulgamy döredilýär we marketing derňewleri geçirilýär.Ýurdumyzyň bazarynda paýynyň artmagy bilen bir hatarda, telekeçilik täze marketing çemeleşmelerini işjeň özleşdirýär, ýarmarka-sergi we işewürlik işlerine işjeň gatnaşýar, daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürýär.
Häzirki döwürde islendik ýurduň yzygiderli ösüş depginini gazanmak üçin şol ýurtdaky telekeçilik ruhunyň ösdürilmegi wajypdyr. Ýurdyň eksport kuwwatynyň we dürlüliginiň artmagy, daşary ýurtdan gelýän taýýar kybapdaş önümleriniň mukdarynyň azalmagy, içerki gurluşyk bazarynda ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň paýynyň artmagy, hyzmat ulgamynda ýerli hyzmat berijileriň paýynyň ösmegi, täze iş ýerleriniň döremegi, salgyt çeşmeleriniň artmagy-bularyň hemmesi hem telekeçiliginiň ösmegi bilen şertlenendir. Şeýlelik-de, dünýäniň islendik künjeginde bazar ykdysadyýetine esaslanyp ösýän döwletler hususy kompaniýalaryň ösmegi üçin uly tagallalar edýärler, ösüş meýilnamalaryny taýýarlaýarlar, täze karzlaşdyrma syýasatyny ýola goýýarlar.
Döwlet kanun esasynda telekeçiligi höweslendirmegi we goldamagy kepillendirýär, kiçi we orta telekeçiligiň we işewürligiň ösmegi üçin ähli zerur şertleri üpjün edýär. Bu bolsa marketingiň wajyp düzüm bölekleriniň ösmegine ýardam berýär we üstünliginiň binýatlaýyn esasy bolup hyzmat edýär.
Döwletiň ykdysady syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri hem işewürligi ösdürmek üçin has oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr. Döwlet ýurduň ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmäge ukyply telekeçilik işine uly gyzyklanma bildirýär. Işewürlik bolsa telekeçileriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin oňaýly mümkinçilikleri döretmäge ukyplydyr hem-de ykdysady taýdan durnukly we kuwwatly döwlete mätäçdir. Marketingi ösdürmegiň çäklerinde menejeriň orny hem aýgytlaýjydyr. Mälim bolşy ýaly, menejerlik – bu kärhananyň (firmanyň) içerki mümkinçiliklerini (potensialyny) ulanmagyň esasynda, öňde goýlan maksatlara ýetmeklige gönükdirilen, kärhanany dolandyrmagyň (dolandyryş) ýörelgeleriniň we usullarynyň jemidir. Has giň manyda, menejerlige ykdysadyýeti dolandyrmagyň usullarynyň we ýörelgeleriniň jemi hökmünde-de garalýar. Telekeçilik işiniň önümçilik tapgyrynda önümçilik mümkinçiliklerini netijeli guramagyň hötdesinden gelýän iş dolandyryjylaryň (menejerleriň) ähmiýeti örän uludyr. Menejerler marketing ugry boýunça bazaryň toplumlaýyn öwrenilmegine we onuň hadysalarynyň düýpli seljerilmegine hem-de girdeji almak maksady bilen oňa täsir etmeklige esaslanýan marketing derňewleri geçirmeldir.
Marketing esasan şu aşakdakylary öz içine alýar:
─ kärhananyň haryt (önüm) we hyzmat syýasatyny;
─ kärhananyň baha syýasatyny;
─ kärhananyň harydyny ýa-da harydyny bazarda öňe
Häzirki döwürde marketingiň öňünde durýan wezipeler hem-de şol wezipeleri durmuşa geçirmekde elýeterli, marketing-menejment ulgamynyň her bir düzüm bölegi alyjylyk gymmatlygyny döretmäge öz goşandyny goşýar. Şol sebäpli-de bazarda alyjynyň islegini netijeli kanagatlandyrylmagyny, kärhananyň ähli düzüm bölekleriň sazlaşykly we bir ugra gönükdirilen ýagdaýda hereket etmeginiň esasynda gazanmak mümkindir. Hünärmenler tarapyndan bazarda islegiň emele gelmegine (güýçlenmegine) täsir etmek üçin ulanylýan serişdelere ykdysadyýetiň nazaryýetinde adatça, “marketing toplumy” diýilýär. Marketing toplumy üýtgäp durýan ululyklaryň dört sany toparyny öz içine alýar we marketing hünärmenleri tarapyndan şol dört topardan ybarat bolan serişdeler bazarda amala aşyrylmaly maksatlara ýetmek üçin kärhananyň bähbidinden ugur alnyp ulanylýar. Häzirki döwürde bazar işjeňligiň islendik görnüşini üstünlikli alyp barmak üçin, amala aşyrylmaly anyk hereketleriň tertipli yzygiderliligini, ahyrky gazanylmaly netijäni aýdyň kesgitleýän meýilnamasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Edil şonuň ýaly, telekeçilik işinde hem, gelejekde ýerine ýetirilmeli işleriň hemmetaraplaýyn öwrenilmegine esaslanýan we takyk kesgitlenen hereketleri hem maksatlary özünde jemleýän telekeçilik meýilnamanyň çäginde marketingiň derňewleriň netijesiniň ulanylmagy üstünliginiň binýatlaýyn esasy bolup hyzmat edýär.

Ýazgül GURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň,
Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrynyň 1-nji ýyl talyby.