Kämil şahsyýeti kemala getirmekde, kämil nesli terbiýelemekde milli medeniýetiň, sungatyň, gözellik endikleriniň ähmiýeti diýseň uludyr. Her bir adamyň özüni alyp barşy, daşky hem içki gözellik dünýäsi ynsanyň gözellik endikleriniň netijesidir. Gözelligiň düýp manysy hem, onuň durmuşyň her bir ädiminde, her pursadynda ýaşaýanlygyndadyr. «Gözelligi gözlän tapar» diýilýär. Ynsan kalby hemişe gözellige teşne, ol hemişe gözelligiň gözleginde. Mysal hökmünde aýdanymyzda, milliligi kalbyna ýugrulan türkmen gyz maşgalasynyň ýerine ýetirýän el işleri hem özboluşly gözellikdir. Çünki gyz maşgala öz ýerine ýetirýän el işinde içki dünýäsiniň gözelligini suratlandyrýar. «Gözellik terbiýesi» diýlen düşünje gönüden-göni estetika ylmy bilen baglydyr. Estetika – gözelligi öwrenýän ylym bolup, bu adalga «aistesis» diýen grek sözünden gelip çykýar we gözellik manysyny berýär. Gözellik terbiýesini duýgulary kämilleşdirýän edep bolmak bilen, ol gözelligi durmuşdan gözläp tapmagy öwredýär. Millilik, medeniýet, edebiýat we sungat, saz eserleri we şekillendiriş sungaty gözellige düşünmegiň we adamda ahlak gözelligini terbiýelemegiň möhüm serişdesi bolup çykyş edýär. Gözellik terbiýesi adamda daş-töweregindäki bar bolan ajaýyplyklar dogrusynda pikirini beýan etmäge hem-de ony açyp görkezmäge ýol açýar. Gözellige düşünmek üçin bolsa ynsanyň içki dünýäsi gözel bolmaly hem özboluşly sowady bolmaly. Gündogar ýurtlarynda: «Gözellik daşda däl, içde bolmaly» diýilýändir. Medeniýet we sungat ynsanyň gözellige bolan garaýyşlaryny beýan edýär. Gözellige düşünmegiň esasy ýoly durmuşyň özüni gözellik hökmünde kabul etmekligi başarmakdyr we özüňi hem şol gözelligiň bir bölegi hasaplamakdyr. Şeýle düşünjeler kalbymyzda ýer alanda, adam öz-özüni kämilleşdirmäge, içki we daşky dünýäsini gözelleşdirmäge has-da köp ymtylýar.
Jemgyýeti ruhy taýdan ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, sagdyn pikirli, sagdyn bedenli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek we olarda päk ahlak sypatlaryny kemala getirmek belli bir derejede gözellik terbiýesine daýanýandyr. Çünki aň-düşünjesi, içki hem-de daşky dünýäsi gözellik terbiýesi bilen sazlaşykly badaşan ýaş nesiller gözelligi döredijilerdir.
Bajyýewa Satlykgül,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ 1-nji ýyl talyby.