Kislorod – sistema bilen özara täsir gowy öwrenilen we ýaşaýyş prosesinde uly rol oýnaýan gazdyr. Gidrosferada kislorodyň umumy mukdary 6-12 mln.t. aralygynda bolýar. Belli wagt arlygynda geçirilen barlaglaryň netijesinde hapalanmadyk sowuk suwly sistemada kislorodyň ýokary ereýjiligi kesgitlenildi, ol güýz we gyş aýlarynda bolýar.
Tomus we ýaz aýlary ýyly suwlarda fotosinteziň hasabyna kislorodyň üsti ýetirilýär. Kislorodyň ereýjiligi temperaturanyň ýokarlanmagy we duzlulygyň artmagy bilen peselýär. Sowuk süýji suwda köp mukdarda kislorod ereýär. Ummanlarda kislorodyň minimal mukdary 1000 m çuňlukda bolýar. Suw sistemasynda erän kislorod (T, Pa, duz) faktorlaryň täsirine görä ýaýrandyr. Haçan-da suw sistemasynda kislorodyň harçlanmagy onuň eremek prosesinden ýokary bolsa, onda bu sistemada kislorod ýetmezçilik edýär.
Çaryýarowa Aygözel,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Gidromeliorasiýa we Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby.