Ata Watanymyz ösüşiň täze belent sepgitlerine tarap bedew bady bilen barýar. Eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesiller we olaryň erkin ösüp-ulalmaklary, okamaklary, bagtyýar durmuşymyzyň eşretlerinden ýerlikli peýdalanmaklary baradaky alada hem ajaýyp zamanamyzda döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň milli bilim ulgamy innowasion tehnologiýalara we dünýä tejribesine esaslanýar. Şular bilen birlikde, täze gurulýan bilim ojaklarynyň ählisinde körpeleriň, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Orta we ýokary okuw mekdepleri täze enjamlar bilen abzallaşdyrylyp, sport zallarydyr meýdançalary, açyk we ýapyk howuzlar, woleýbol, futbol we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin täze, döwrebap desgalar bilen doly üpjün edilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ýagdaýy ösüşiň ýokary derejesine göterildi. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 19 sany orta mekdep, 13 sany çagalar bagy, okuw-terbiýeçilik toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Täze açylan bilim ojaklarynda döwrebap bilim we terbiýe almak üçin ähli şertleriň bolmagy hem-de olaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi buýsançlydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň we halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy barada tagalla edýärler. Ýurdumyzda munuň üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, mekdep okuwçylaryna döwrebap bilim-terbiýe bermek bilim işgärleriniň, şol sanda, ilkinji nobatda, mugallymlaryň öňünde durýan möhüm wezipe, mukaddes borç hökmünde kesgitlenildi. Sapak mekdep okuwçylaryna bilim-terbiýe bermegiň esasydyr. Şonuň üçin her bir sapaga ykjam taýýarlykly barmak, ony talabalaýyk guramak, onuň netijeliligini gazanmak mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Gahryman Arkadagymyz ýaşlara ýüzlenip: «Biz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly beýik işleri amala aşyrmakda mähriban ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýşyna, gujur-gaýratyna, döredijilikli we tutanýerli zähmetine daýanýarys. Bilim alýan, ylym we hünär öwrenýän, ata Watanymyzyň goragynda durýan gerçeklerimiz, senagatda, oba hojalygynda we durmuşyň beýleki pudaklarynda joşgunly zähmet çekýän merdana ýaşlarymyz hakynda uly alada edýäris» diýip belledi.
Araztäç ARAZGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünyä dilleri institutynyñ talyby