Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, zehinli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri dowam etdirilip, olar mazmun taýdan has-da baýlaşdy. Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýip, ýaşlara ýüzlenip aýdan sözlerem munuň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar.

Ajaýyp zamanamyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz döwrebap ylym-bilim ojaklarynyň, bedenterbiýe-sagaldyş merkezleriniň, medeni-sport toplumlarynyň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanýarlar. Olarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertleriň bolmagy aýratyn bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiziň ylymly, bilimli, ruhubelent ýaşlary terbiýelemekde berýän maslahatlary, öňe sürýän parasatly başlangyçlary örän uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Serdarymyzyň bagtyýar ýaşlarymyzda şöhratly geçmişimize, eşretli şu günümize we nurana geljegimize bolan belent buýsanjy kemala getirmekde edýän taýsyz tagallalarynyň ýerine düşýändigine bolsa, biziň her birimiz şaýat bolup ýörüs.

Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar hakynda edýän aladalary ýaşuly nesliň wekili hökmünde biziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Şeýle aladalar ýaşlaryň diňe bir bilim-terbiýe almaklaryny, hünär öwrenmeklerini gazanmak bilen çäklenmeýär. Olar ýaşlarda ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklara, halal zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine söýgi döretmek, ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek, jemgyýetçilik we şahsy başlangyçlaryny goldamak ýaly ugurlary hem öz içine alýar.

Goý, ýaşlary Watanymyzyň daýanjy hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

BABAÝEWA AÝGÖZEL
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň mugallymy