Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda sanly bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. XXI asyrda tehnologik ylmy ösüşiň tizligi has hem batly depginde artýar. Meselem, mekdepdäki adaty tagtanyň deregine häzirki wagtda interaktiw panel ulanylýar. Bilim ulgamy döwrebap tehnologiýalar bilen deň gadam urýar we döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär. Bu ulgamdaky täze tehnologiýalar durmuş-ykdysady we tehnologik özgertmeler bilen baglylykda kämilleşdirilýär. Bu bolsa ýaşlaryň hünär öwrenmek bilen bagly işiniň häsiýetiniň we hiliniň özgerdilmegine mümkinçilik döredýär.

Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly okuw sapaklarynyň, internet bäsleşikleriniň geçirilmegi berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde, öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir. Ähli amatlyklary özünde jemleýän sanly elektron portalyň üsti bilen sarp edilýän wagt ep-esli tygşytlanyp, ýaş nesliň ylym-bilim derejesiniň artmagyna uly täsir edýär.

Häzirki wagtda sanly bilim ulgamy bilen birlikde sanly ykdysadyýete geçmek zerur bolup durýar. Şonuň üçinem ylmyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm orny eýeleýändigi bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Çünki jemgyýetiň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirmek sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň we kämil hünärmenleriň taýýarlanmagy möhümdir. Ýokary hünär derejesini berýän bilim edaralarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, ykdysady-matematiki usullary we ülňüleri ulanmagyň esasynda, dolandyryş hem-de ykdysady çözgütleriň algoritmlerini peýdalanmagyň derejesiniň ösüşi boýunça ýurdumyzyň öňdäki orunlarda bolmagyny döwür talap edýär.

Bazar gatnaşyklaryna mahsus şertlerde kämil hünärmenleri taýýarlamakda bäsdeşlige ukyplylyk we zähmete uýgunlaşmak ýaly häsiýetleri kemala getirmegiň we ösdürmegiň esasy wezipeleriň birine öwrülmegi tebigydyr. Şunda zerur bolan bilimleriň sanly görnüşde alynmagy, onuň yzygiderli kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir.

Halkara tejribäniň görkezişi ýaly, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýet uzak geljek üçin durnukly bolýar. Şol sanda durnukly ykdysady ösüşiň kemala getirilmeginde ykdysady-dolandyryş toplumyna degişli hünärmenleriň zähmetiniň aýratyn orny bardyr. Olaryň zähmetiniň esasy mazmuny maglumatlary jemlemekden, seljermekden, işleri meýilnamalaşdyrmakdan we sazlaşdyrmakdan, bu işleri ýerine ýetirýän işgärlere ýolbaşçylygy amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Soňky ýyllarda maglumat tehnologiýalary örän işjeň ýagdaýda ösýär, çalt ýaýraýar we giňden peýdalanylýar. Netijede, sanly bilim ulgamynyň üpjün edilmegi adam kuwwatyny ýokarlandyrmaga, ykdysadyýete we beýleki ulgamlara innowasion serişdeleri çekmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda bäsdeşlige ukyply, ýokary hünär derejeli işgärlere bolan zerurlyk ýyl-ýyldan artýar.

Jemgyýeti ösdürmegiň ýokary tizlikli görnüşleri diňe bir bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagy bilen çäklenmän, onuň dünýä bileleşiginiň ösüşiniň derejesine laýyklykda düýpgöter özgerdilmegini talap edýär. Maglumat tehnologiýalaryny ugur edinýän jemgyýetiň ösüşine mahsus şertlerde kämilleşýän şahsyýet tutuş ýurduň ykdysady ösüşinde we jemgyýetiň rowaçlyga eýe bolmagynda aýgytlaýjy ýagdaýa öwrülýär. Döwrebap maglumat tehnologiýalardan peýdalanylanda, täze maglumaty gözläp tapmaga we seljermäge çalyşmagyň hem-de zerur wezipäni berjaý etmekde täzeliklerden ýerlikli peýdalanmagyň mümkinçilikleri uludyr.

Innowasion ösüşe tarap ugur alan ýurdumyzda ýokary hünär derejelerine, häzirki zaman bilimlerine we baý dünýägaraýşa eýe bolan ýaş hünärmenlere aýratyn üns berilýär. Ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna, işjeňliginiň netijeli ugurlara gönükdirilmegine sanly bilim ulgamynyň ýola goýulmagynyň täsiri uludyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Munuň özi agzybir, zähmetsöýer, merdana halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny ýazýandygyna buýsanjyňy goşalandyrýar. Bagtyýar ýaşlara okamak we hünär öwrenmek babatynda ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Täşjemal GÜÝÇGELDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.